logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Ýurdymyz berkarar-zenanlar bagtyýar
  10.03.2020
1013
Ýurdymyz berkarar-zenanlar bagtyýar

       Ynha şeýle at bilen Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki ,,Bagt ýyldyzy’’ toý mekanynda Ak bugdaý etrap häkimliginiň, etrap jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle-de etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde gurnamaklarynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli ,,Ýurdymyz berkarar-zenanlar bagtyýar’’ diýen at bilen aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Etrabyň dürli kärde zähmet çekýän kalby buýsançdan doly bagtyýar raýatlaryň, bilim we saglyk işgärleriniň, şeýle-de ýokary synpda okaýan mekdep okuwçy gyzlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri bolan kümüş saçly enelerimiziň gatnaşmaklarynda geçirilen bu aýdym-sazly medeni çäre aýratyn bir many-mazmuna eýe boldy. Etrapda bar bolan medally zenanlaryň, 8 we ondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň gatnaşmagy hem bellärliklidir. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary dabara gatnaşyjylara aýratyn ruhy-lezzet paýlady. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewanyň we ,,Garagum’’ žurnalynyň bölüm redaktory Nurtäç Annamuhammedowanyň okap beren goşgulary, tymsallary halk köpüçliginde aýratyn täsir galdyrdy. Ata Watanymyzyň topragyndan  önýän, şeýle-de ýurdymyzda  öndürilýän nazy-nygmatlardan bezelen türkmen desterhanynyň başynda ýüzleri nurana zenanlar özleri baradaky edilýän aladalar dogrusynda Hormatly Prezidentimize özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny, alkyşly sözlerini  beýan etdiler. Dabaranyň ahyrynda dabara gatnaşyjy zenanlara, mährem enelere, şeýle-de gyzlara etrap jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ter gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.