logo

Latest news:
✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦ ✦ Jebisligiň ykrarnamasy ✦ ✦ Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasy parahatçylygyň kepili ✦ ✦ Azyk bolçulygyna goşant ✦ ✦ Çagalaryň sagdyn ösüşi ugrunda alada ✦ ✦ Halkara hukugynyň kadalary ✦
Home / Politics /YHG-niň 16-njy mejlisi geçirildi
  10.11.2023
671
YHG-niň 16-njy mejlisi geçirildi

Türkmenistan abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen uzak ýyllardan bäri köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar. 2023-nji ýylyň 8-9-njy noýabrynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde paýtagt şäher Daşkentde öz işine başlan YHG-niň 16-njy mejlisine gatnaşdy.

 

 

Hormatly Prezidentimiz daşary syýasy başlangyçlarynda YHG-niň ornuna uly ähmiýet berýär. Bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek watanymyzyň parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. 1992-nji ýylda Guramanyň agzasy bolan Türkmenistan oňa gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär.

 

 

YHG-niň ýokary derjedäki duşuşyklary möhüm meseleleri maslahatlaşmak, şeýle hem YHG-niň giňişligindäki ykdysady sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm we ileri tutulýan ugurlary boýunça çözgütleri kabul etmek üçin oňat mümkinçilik bolup hyzmat edýär. Türkmenistan 2021-nji ýyldan bäri bu Gurama başlyklyk edip gelýär.

 

 

Äşe HAKBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
4-nji ýyl talyby.