Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Ýaşyl Tugum-buýsanjym
  15.05.2021
2935
Ýaşyl Tugum-buýsanjym

       Türkmen özüniñ şöhratly taryhynyñ bütin dowamynda ruhlandyryjy güýç hem mizemez ynanç hökmünde milli mukaddesliklerimize uly ähmiýet berip olara hormat goýan halk. Çünki il-günümiz şol mukaddes döwlet nyşanlarynyñ ýiti täsiri bilen beýik ýeñişleri gazanyp, Watan goragyny üpjün edipdirler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyñ paýhasly, tutanýerli hem batyrgaý tagallasy we öñdengörüjilikli ýolbaşçylygynda zähmetsöýer halkymyz Ýaşyl Tugumyzy belent tutup, ynamly gadamlar bilen öñe barýar. Watanymyz gülläp ösýär, ýer ýüzünde onuň at-abraýy artýar, dünýäde ösen döwletleriñ hatarynda tanalýar we öz mynasyp ornuny eýeleýär. Serhet goşunlarynyñ ähli şahsy düzümi bu ýeñişlere guwanyp, özleriniñ Watana wepalylygyny iş ýüzünde subut edip, Garaşsyz döwletimiziñ araçäkleriniñ goragyny häzirki zaman talaplaryna laýyklykda üpjün edýärler.

     Ene topragyñ, ata Watanyñ mukaddes bolşy ýaly, Döwlet Baýdagymyz hem mukaddesdir. Onuñ düýp manysynda türkmen halkynyñ bäş müñ ýyllyk şan-şöhrata beslenen beýik geçmişi, nesilbaşymyz Oguz hanyñ adalaty, Gorkut atanyñ parasady, Görogly begiň gahrymançylygy, Magtymguly Pyragynyñ pähim-paýhasy we türkmeniñ gymmatly däp-dessurlary jemlenendir. Baýdagymyza bolan çäksiz guwanjy terbiýäniñ asylly mekdebine öwürmek üçin Hormatly Prezidentimiziñ ýadawsyz çekýän zähmeti bardyr. Şonuñ ýaly hem Döwlet Baýdagymyzyň mukaddesliginiñ esasynda ata-babalarymyzyñ Watan üçin gurban eden şirin jany, döken gyrmyzy gany ýatandyr.

       Baýdak döwlet bolmaklygyñ alamatydyr, ol döwletligiñ nyşanydyr. Döwleti Baýdakdan, Baýdagy hem döwletden aýry göz öñüne getirmek mümkin däldir. Çünki döwlet dörän ýerinde Baýdak hem döreýär. Döwleti döwlet hökmünde dünýä tanadýan Baýdakdyr. Ol milletiň özboluşlylygyny hem-de onuñ aýratynlyklaryny özünde birleşdirýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soñ türkmen halkynyñ milliligine we ruhuna kybapdaş döwlet Baýdagymyzy döretmäge mümkinçilik boldy. Bu mukaddes Baýdak 1992-nji ýylyñ fewral aýynyñ 19-da Türkmenistanyñ Döwlet Baýdagy hakynda kanun esasynda dünýä indi we şol gün hem Döwlet Baýdagynyñ güni — Baýdak baýramy diýlip yglan edildi.

      Bu mukaddes Baýdak astynda Türkmenistan ykdysady taýdan özbaşdak, durmuş taýdan azat, syýasy hem-de ruhy taýdan özygtyýarly milli döwlet hökmünde dünýä aýan boldy. Ýaşyl baýdaga tagzym edilip, onuñ synyndan öpülip, kasam edilýär, Watana gulluk edilýär. Çünki Tug türkmen halkynyñ topragynyñ, ojagynyñ, Watanynyň, erkinliginiñ, asudalygynyñ beýanydyr.     Türkmen döwletiniñ tugy, onuñ haly gölleri biziñ ähli mukaddesliklerimiziñ beýany bolup hyzmat edýär. Ondaky ýarym Aý—abadanlygyñ alamatydyr, bäş ýyldyz bolsa türkmen ülkesiniň bäş welaýatynyñ nyşanydyr. Abadan hem bagtly durmuşyñ rowaçlanýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziñ haýsy künjegine bu gün nazar aýlasañ öz ornunda erkana parlaýan ýaşyl Tugumyza guwanýarsyñ. Baýdaga bolan buýsanjymyz biziñ Watana bolan buýsanjymyzdyr, türkmen tuguna bolan söýgümizdir.