logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Ýaşyl maýsaly meýdanlarda
  16.04.2021
864
Ýaşyl maýsaly meýdanlarda

     Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylmyň ösdürilmegine, onuň iň soňky gazananlarynyň we täze tehnologiýalaryň oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak bilen ýerden, suwdan, tehnikadan, dökünden netijeli peýdalanmak, ekinleri toprak – howa şertlerine laýyk ýerleşdirip, ekologiýa taýdan arassa önüm öndürmek ugrundaky tagallalara Sarahs etrabynyň oba zähmetkeşleri hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

“Türkemenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň şu günleri etrabyň bugdaý ekilen meýdanlarynda endigan gögeriş alnyp, häzirki wagtda maýsaly meýdanlara ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Etrabyň “Bereket” daýhan birleşiginiň tejribeli gallaçy kärendeçileri maýsalaryň idegini ýetirmek boýunça işlere aýratyn ähmiýet berýärler.  Häzirki günlerde kärendeçiler bugdaý meýdanlarynda maýsalara ösüşiň ikinji dökün iýmitlerini bermek işlerini şeýle-de haşal otlara garşy gerbasit derman serişdelerini bermek işlerini alyp barýarlar. Maýsa Ýäzmämmedowa, Guwanç Hojakulyýew ýaly kärendeçiler endigan gögeriş alnan maýsaly bol hasyla duran meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, dökün iýmitlerini bermek işlerinde aýratyn tapawutlanýarlar. Olar bu jogapkärli işiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ýerine ýetirilmegini gazanýarlar. Ady agzalan kärendeçileriň göreldeli işleri olaryň ekin meýdanlaryndan ýokary hasyl alyp, yhlaslarynyň ýerine düşjekdigine ynamy artdyrýar.