logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Ýaşlaryň çeken zähmeti ýerine gowuşýar
  04.02.2024
1246
Ýaşlaryň çeken zähmeti ýerine gowuşýar

Ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen ýaşlary özleriniň başarnyklaryny medeniýetde, sportda, ylymda, bilimde, sungatda öz başarnyklaryklaryny görkezýärler.

 

 

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjylary Ataýewler maşgalasy hem ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklere, sungat bäsleşiklerine, medeniýet çärelerine we döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşýarlar.

 

Babadaýhan etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Ataýew 2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen "Parahatçylyk çagalaryň sesi" bäsleşiginde surat çekmek boýunça bäsleşige gatnaşyp I oruna mynasyp boldy. Şeýle-de "Magtymguly Pyragy ylham çeşmesi" bäsleşiginde etrap, welaýat tapgyrlarynda surat çekmekde II orna, Birleşen Milletler Guramasynyň guramagynda "Dostlugyň serhedi ýok" bäsleşiginde iň gowy dizaýner diýen diploma mynasyp boldy. Üstümizdäki ýylda bolsa Gulbaba adyndaky  çagalar baýragynyň eýesi boldy. Mundan başgada Russiýanyň Saratow şäherindäki  geçirilen halkara Erudit onlaýyn ylmy bäsleşiginde iňlis dilinden altyn medala eýe boldy.

 

 

Onuň dogany Jemal Ataýewa bolsa "Magtymguly Pyragy ylham çeşmesi" atly bäsleşiginiň etrap, welaýat tapgyrlarynda düzme ýazmak ugry boýunça II orna mynasyp boldy. Russiýanyň Saratow şäherindäki  geçirilen halkara Erudit onlaýyn ylmy bäsleşiginde iňlis dilinden altyn medala eýe boldy. Mundan başgada onuň öz düzen goşgulary Güneş žurnalynda neşir edildi.

 

 

Doganlar Ataýewler, şeýle üstünliklere ýetmeginde ýakyndan goldaw berip ýol görkezen Uzukjemal mugallyma köp sagbolsun aýdýarlar.
 

Allamyrat Gapurow,
Magtymguly adyndaky TDU-niň talyby
TMÝG-niň işjeň agzasy.