logo

Latest news:
✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦
Home / Science and Education /Ýaşlar ýurduň geljegi
  14.11.2023
966
Ýaşlar ýurduň geljegi

Häzirki wagtda eziz diýarymyzda ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglerine esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Elbetde, okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak şeýle-de abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam basmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, eziz diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny saklamak, dikeltmek we öwrenmek, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar.

 


Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda sazlaşykly we döredijilikli zähmet çekmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler döwletimizde ýaş nesil barada edilýän aladanyň aýdyň mysalydyr. Agzybirlik we ruhubelentlik bilen amala aşyrylýan beýik işlerde ýaşlarymyzyň hem mynasyp paýynyň bolmagy örän guwandyryjydyr. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak, ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy, milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmek babatda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan birnäçe döredijilik bäsleşikleri geçirilýär.

 

 

Şeýle okamaga, öwrenmäge, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän, türkmeniň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzy baky bagtyýarlyga alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny il-ýurt, döwlet ähmiýetli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.

 

 

Şatlyk GURBANDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny
mehanizmleşdirmek fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.