Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ýaşlar hakynda döwlet syýasaty barha dabaralanýar
  21.11.2023
509
Ýaşlar hakynda döwlet syýasaty barha dabaralanýar

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi barha ýokarlanýar. Döwletimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasatyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hereket etýändigi munuň aýdyň mysalydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýurtda amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini doly amal etmegine ýardam edýän mümkinçilikleri giňeltmek maksady bilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenilip taýýarlanyldy. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde beýan edilen teklipler ýaşlary döwlet tarapyndan köptaraplaýyn goldamaga, olaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna, ylmy-tehnologik ösüşine we halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

 

 

Mundan başgada ýaşlaryň sanly ulgam bilen üpjün edilen bilim edaralarynda okamagyny, zähmet çekmegini hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny göz öňüne tutýan mümkinçilikleri we şertleri ýokarlandyrmak ýaş nesiller babatda halk bähbitli işleriň özenini düzýän aýratynlykdyr. Bu ýurduň her bir ýaş raýatynyň umumy bähbitli başlangyçlara, jemgyýetiň ösüş depginine goşant goşmaga höweslenmeginde hem-de özünde belent hyjuwy kemala getirmegi üçin hökmanydyr. Ýaşlaryň durmuş üpjünçiliginde ýurduň banklarynyň, şol sanda Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerine ýetirýän ýeňillikli hyzmatlaryny hem bellemek bolar. Häzirki wagtda şeýle mümkinçilikleriň hatarynda durmuş guran ýaş maşgalalar üçin 3 ýyl möhletde ýyllyk 1 göterim bilen 20 müň manada çenli karzlar, talyp ýaşlaryň okuw tölegi üçin amatly karzlar şeýle-de karzlaryň başga-da dürli görnüşleri berilýär. Bu öz gezeginde ýaş nesilleri täze ylym-bilim sepgitlerine, zähmet üstünliklerine höweslendirýär, olaryň ýurduň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşmagyna itergi berýär. Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň- düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar.

 

 

Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleri kemala getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek işine möhüm ähmiýet berilýär.

 


Erkin ANNAGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.