Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Täze ýylyň şatlygy ✦ ✦ Bilim bilen beýgelýäris! ✦ ✦ Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat ✦ ✦ Şöhratly geçmişimiziň kämil beýany ✦ ✦ Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ✦ ✦ Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Akyldaryň dürli dillerdäki neşirleri ✦ ✦ Oba hojalyk önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Arkadag şäheri ýokary hil baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ Çeperçilik medeniýetiniň mirasy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Ýaşlar bag idetmekligiň inçe usullaryny öwrenýärler
  11.02.2024
396
Ýaşlar bag idetmekligiň inçe usullaryny öwrenýärler

Ýaşlygyna garamazdan bag nahallaryna ideg etmek, ter miwleri köpçülikleýin ýetişdirip halka ýetirmek bilen meşgullanyp, bu ugurda baý tejribe toplan, bu kärden rysgal-döwlet tapan, ýaş bagbanlaryň biri bolan Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň H.Myradow adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy Myrat Gylyjow bilen söhbetdeşlik taýýarlap okyjylarymyza ýetirmekligi makul bildik.

 

 

 

-Myrat ilki bilen size “armaň, işleriňiz ileri” diýesim gelýär. Tüweleme öz yhlasyňyz bilen, gujur-haýratyňyzy gaýgyrman, zähmet çekip, uly bag ýetişdiripsiňiz. Bu kär bilen näçe wagtdan bäri meşgullanyp gelýärsiňiz?

 

 

- Okuwçy döwrümden dürli hili bag nahallaryny idetmeklige başladym. 2009-njy ýylda harby gullugy tamamlap gelenimden soňra bu käre ymykly berildim. Ilki öz ýaşaýan öýümiziň ýanyndaky mellegimizde dürli miweli bag nahallaryny ýetişdirmek, idetmek, sapmak bilen meşgullandym. Şäniklerinden ekip bir ýyl geçensoň sapmak arkaly ýaş nahallary ýetişdirmekligi öwrendim. Ýetişdirýän miwelerimi, nahallarymy ilki öz obamyzyň adamlary, soňabaka goňşy obalardan, etrabyň beýleki geňeşliklerinden gelip satyn alyp başladylar.Dogry birbada  ýeňil düşmedi, ýöne ýetişdiren baglarymyň gök salyp oturyşy, ýetişdiren miwlerime islegiň artyp başlamagy meniň hasam öndürijilikli işlemegime itergi berdi.  Bu ugurda dürli hili tejribeler, synaglar geçirip, beýleki geňeşliklerde, etraplarda bagçylyk bilen meşgullanýan bagbanlar bilen maslahatlaşyp tejribe toplanymdan soňra 2017-nji ýylda daýhan birleşigimiz bilen şertnama baglanşyp 0,50 ga ýer bölegini bagçylyk etmek üçin aldym. Şondan bäri hem şu ýerde işläp, zähmet çekip şu bagy ýetişdirdim.

 

 

-Siziň şu 0,50 ga meýdany tutup duran bagyňyzda diňe bir miweli agaçlar  barmy ýa-da gök bakja ekinlerini hem ekýärsiňizmi?

 

 

- Meniň  bu bagymda almanyň dürli wagtlarda ýetişýän birnäçe görnüşleri, şonuň ýaly-da garalynyň 10-a golaý görnüşi, şetdalynyň irki we giçki bişýän iri we ownugrak görnüşleri, ülje, alça, armyt, nar, üzüm ýaly miweli agaçlaryň birnäçe düýbi hasyl berip otyr.Ýetişip gelýän ýaş nahallar, indi ýetişmeli görnüşleri hem bar. Entek ulalyp, ullakan agaç bolup ýetişmedik baglaryň aralygyna  pomidor, hyýar, gawun, garpyz ýaly gök-bakja önümlerini hem ekip ýetişdirýärin. Ýetişdiren hasylymy hem geňeşligimiziň çägindäki bazarda, etrabymyzyň daýhan bazarynda ilata hödürleýäris. Köplenç bagymyza gelip alyp gidýärler.

 

 

- Myrat, siz diňe miweli agaçlaryň nahallaryny ýetişdirýärsiňizmi ýa-da, beýleki saýaly, pürli agaç nahallaryny hem ýetişdirýärsiňizmi?

 

 

- Men diňe bir miweli agaçlaryň nahallaryny ýetişdirmek, sapmak bilen meşgullanman, şäherlerimizde döwlet edara binalarynyň öňüne gelşik berýän, mydama ýaşyl öwsüp duran arça nahallaryny hem ýetişdirýärin. Dogrusy arça nahallaryny ýetişdirmek beýleki miweli agaç nahallaryny ýetişdirmekden kynrak. Ýagny köpräk wagty talap edýär. Miweli agaçlaryň nahallary iki ýylda ýetişdirip halka hödürleýäris. Arça agajynyň nahaly bolsa haýalrak, 4-5 ýylyň dowamynda 130-150 sm ýetýär we onsoň sorap gelýänlere berýäris. Ýöne yzgiderliligi dowam edeilensoň her ýyl ýetişip gelýär.

 

 

-Bagbançylyk işi, baga ideg etmeklik, nahal ýetişdirmek, ýetişdirlen hasyly  wagtynda yrýasyz ýygnap halka ýetirmek köp zähmeti talap edýär. Köp işçi güýjüni talap edýär. Bu işde maşgalaňyzda, ýa-da başga ýardamçylaryňyz barmy?

 

 

- Bag ýetişdirmek, nahal ýetişdirmek işleri möwsümleýin görnüşde böleklere bölünýär. Şänik ekmek, sapmak, nahal köwläp almak, baglary zyýankeşlerden goramak maksadynda degişli işleri geçirmek, hapa-haşal otlardan arassalamak, ýetişdirlen hasyly ýygnamak. Bu işlerde maşgalam, öz gelnim kömekleşýär. Mundan daşary ýörite öz obamyzyň ýaş oglan-gyzlaryndan höwesek ýaşlary işe çekýärin. Häzirki wagtda hem on-on iki sany ýaş oglan-gyzlar bagymda zähmet çekýärler. Men olara çeken zähmetlerine görä ylalaşyk esasynda hak töleýärin. Olar bir tarapdan zähmet çekip halal gazanç edýärler, beýleki bir tarapdan bolsa bag idetmekligiň inçe syrlaryny, usullaryny öwrenýärler. Meniň ýanymda, bagda işläp, soňra bu käre özbaşdak baş goşup, bagbançylyk bilen meşgullanyp ýörenler hem bar. Bu ýagdaýlar meni diýseň guwandyrýar. Çünki bag idedýänler näçe köp bolsa, bag hem şonça köp bolýar. Bu zatlaryň netijesinde azyk bolçulygy döredilýär, bahalar has elýeterli bolýar. Iň bir guwandyrýan ýeri hem ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan bize halal zähmet çekmäge, gurply ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilip berilýär. Şol döredilip berilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, gelejekde bagçylyk, miweçilik işleriniň gerimini hasam giňeltmekligi maksat edinýärin. Bize-türkmen ýaşlaryna işlemäge, zähmet çekmäge, azyk bolçulygyny döretmäge, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlarymyzy goşmaga ähli şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýaryn.

 

 

- Myrat beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Biz hem size alyp barýan işleriňizde üstünlikler arzuw edýäris!

 

 

-Sag boluň!

 

Söbetdeşligi taýýarlan: Kemal Sabyrow
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni