logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Ýaşaýyş bolup biljek keseki planetalara 17 dalaşgär saýlandy
  20.12.2023
1372
Ýaşaýyş bolup biljek keseki planetalara 17 dalaşgär saýlandy

Ýer ýüzünde bize mälim bolan ýeke-täk biologiki ýaşaýşy suw talap edýär. Şonuň üçin NASA hünärmenleri ýerasty ummanlary bolan planetalarda ylmy işleri geçirmek maksady bilen 17 sany kandidat alymlary  saýladylar. Bu işler adamzadyň täze nesliniň biologiki durmuşynyň döremegi üçin zerur hasaplanylýar.

 

 

Ýerasty ummanlary bolan planetalary gözlemegiň başlangyç nokady Saturn we Ýupiter bolup durýar. Kosmiki stansiýalar ol ýerde düýpsüz ummanlaryň bardygyna şübhelenýärler we hatda gaz geýzerleriniň barlygyny hem çaklaýar. Uzakdaky ekzoplanetalaryň arasynda şeýle dünýä üçin dalaşgärler gerekli häsiýetleriň utgaşmasy bilen gözlendi. Radioaktiw elementleriň çüýremeginden ýa-da ulgamyň ýyldyzynyň agyrlyk güýjüniň täsiri netijesinde ýüze çykýan içki ýylylyk, ekzoplanetalaryň üstünde ägirt uly geýzerleri döredip bilýär.

 

 

NASA iň ýakyn planetalary öwrenmek we entek açylmadyk dünýäleri has giňişleýin gözlemek üçin täze gurallary taýýarlaýar. Ýerasty ummanlary bolan planetalar biologiki ýaşaýşyň alamatlaryny saklamagy öň ol ýerde ýaşaýşyň bolandygy baradaky çaklamalary öňe sürýär.

 

 

Maral Hydyrowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.