logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Economics /Ýanwar aýynda turbageçirijiler arkaly eksport edilen nebitiň paýy 430,8 million tonna ýetdi
  23.02.2024
647
Ýanwar aýynda turbageçirijiler arkaly eksport edilen nebitiň paýy 430,8 million tonna ýetdi

Şu ýylyň ýanwar aýynda Baku-Tblisi-Jeýhun turbageçirijisi arkaly Türkmenistan bilen Gazagystanyň üsti arkaly daşalan ýüklerde nebitiň umumy mukdary 17,3 göterim artdy.

 

 

Azerbaýjanyň üsti bilen üstaşyr nebit turbageçirijiler arkaly eksport edilen nebitiň paýy 430,8 million tonna ýetdi, onuň pul möçberi bolsa 2 milliard dollar töwerek boldy. Bu görkeziji 2023-nji  ýylda ýanwar aýyndan başlap dekabr aýyna çenli 1,9 göterim artandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa nebit gaz pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygynyň, bu ugrda alynyp barylýan işleriň, çekilýän zähmetiň ýerine düşýänligidir.

 

 

Türkmenistan bilen Gazagystan 2023-nji ýylyň dowamynda Baku-Tblisi-Jeýhun turbageçirijiler arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy mukdary 5 million 240,7 müň tonna barabar boldy.

   

Adylbek Umarow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.