logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Poetry /Watan goragy mukaddesdir
  05.02.2020
1115
Watan goragy mukaddesdir

     Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde Ak bugdaý etrap häkimligi, etrap jemgyýetçilik guramalary we Ak bugdaý etrap Medeniýet bölümi bilen bilelikde Türkmenistan döwletimizde giňden bellenilip geçilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ,,Watan goragy mukaddesdir” diýen at bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Bu geçirilen aýdym-sazly dabaraly maslahata ýaşuly nesliň wekilleri bolan il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, Ak bugdaý etrap Sport we Ýaşlar syýasaty bölüminiň, etrap medeniýet bölüminiň, etrap hassahanasynyň, şeýle-de Ak bugdaý etrap bilim bölüminiň kalby buýsançdan doly bagtyýar raýatlary gatnaşdylar. Aýdym-sazly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy Maksat Ballykow açmak bilen daşymyzyň galasy bolan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gyzgyn gutlag sözlerini aýtdy. Soňra Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Nurýagdy Mommadowyň, Änew şäheriniň ýaşaýjysy, mährem ene Ogulsirin Muhammetgulyýewanyň eden täsirli çykyşlary aýdym-sazly dabaraly maslahata gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Ýaşuly nesliň wekilleri eden çykyşlarynda daşymyzyň galasy bolan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlag sözlerini aýtdylar. Soňra Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bagtyýar halkymyzyň asuda, parahat, bolelin durmuşyň hözürini görüp ýaşaýandygyny, günlerimiziň toýlara beslenip gelýändigini, Watan goragçylarynyň gününi ýurdymyz ýokary derejede belläp geçýändigi barada buýsançly çykyşlary etdiler. Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň aýdym-saz ussatlarynyň ýerine ýetiren hoş owazly çykyşlary bolsa dabaraly maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.