logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /ÜNS BERIŇ! : Okuwçylaryň arasynda iňlis dili boýunça olimpiada yglan edilýär!
  31.01.2024
1034
ÜNS BERIŇ! : Okuwçylaryň arasynda iňlis dili boýunça olimpiada yglan edilýär!

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň nazary we amaly bilimlerini berkitmek we kämilleşdirmek, olarda iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesi artdyrmak maksady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty orta mekdepleriň IX-XI synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça II olimpiadany yglan edýär.

 

 

Olimpiada hasaba alnyşyk elektron poçtanyň üsti bilen amala aşyrylýar. Munuň üçin umumybilim berýän mekdebiň ýolbaşçysy Olimpiada gatnaşmak isleýän okuwçylarynyň sanawyny institutynyň resmi internet saýtynda datmddi.edu.tm ýerleşdirilen Gatnaşyjynyň hasaba alnyş maglumatyna görä düzmeli we 24.02.2024ý. çenli Olimpiadanyň Guramaçylyk toparynyň  elektron salgysyna patrioticyouthtniwl@gmail.com ugratmaly;

 

 

Olimpiadanyň I tapgyry 26.02.2024ý. iňlis dilinde düzme ýazmak görnüşinde geçiriler. Düzmäniň temasy şol senede sagat 14:00-da institutyň internet saýtynda yglan ediler. Gatnaşyja düzme ýazmak we ony elektron poçta arkaly Guramaçylyk toparyna ugratmak üçin 3 sagat wagt berlýar.

 

 

Olimpiadanyň I tapgyrynyň netijeleri we II tapgyra gatnaşjak okuwçylaryň sanawy 2024-nji ýylyň mart aýynyň 20-sine institutyň resmi internet saýtynda datmddi.edu.tm yglan ediler.

 

 

Olimpiadanyň II tapgyry 30.03.2024ý. institutyň okuw binasynda Sanly bilim portalyna ýerleşdirilen test esasynda sagat 10:00-da geçirmek meýilleşdirilýär. 

 

 

Olimpiadanyň ýeňijileri Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Diplomy, olary taýýarlan mugallymlar institutyň Hormat haty bilen sylaglanar.

 

 

Goşmaça maglumatlar üçin: datmddi.edu.tm