logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Poetry /Türkmenistanyň Baky Bitaraplygy
  07.12.2020
945
Türkmenistanyň Baky Bitaraplygy

     Bitaraplyk-halkymyzyň buýsanjydyr, göz guwanjydyr. Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe, täze taryhy döwrümiz yzygiderli ösüşlere hem-de giň möçberli özgertmelere şanly senelere beslenýär.

      Türkmenistanyň ähliumumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurt hökmünde halkara hukugynyň ýörelgeleriniň we kadalarynyň berjaý edilmegine hem-de öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ygrarlydyr.

     “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kanunynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy bellenilýär. Türkmenistan döwletimiz hoşniýetli daşary syýasatyny Milletler Birleşigi tarapyndan ykrar edilen we goldanylan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna doly eýedir. Umuman, Baky Bitaraplyk ynsanperwerligiň we parahatçylygyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, berkarar döwletimiziň hem-de bagtyýar halkymyzyň ýer üstündäki at abraýyny şan-şöhratyny, mertebesini has-da beýgeldýän gymmatlygymyzdyr. Ýurdumyzda ynsanperwer ulgamynda milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, bu babatda halkara guramalary we düzümleri bilen köptaraplaýyn netijeli gatnaşyklary ösdürmek işjeň dowam edýär. Baky Bitaraplygymyzy bütin dünýäde dabaralandyrýan, ähli halklary parahatçylyga çagyrýan we durnukly ösüşe tarap barýan Türkmenistan döwletimiziň syýasy mümkinçilikleri we ykdysady kuwwaty has-da artyp, halkara abraýy belentden-belende göterilsin !