logo

Latest news:
✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦
Home / Poetry /Turkmenistan Bitaraplygyn nusgasy!
  27.02.2020
1068
Turkmenistan Bitaraplygyn nusgasy!

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy günsaýyn belende galýar, ata-babalarymyzyň köňüllerinde besläp gelen arzuw-umytlary sözüň hakyky manysynda Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany ýylynda amala aşyrylýar. Halkymyzyň milli özboluşlylygyny beýan edýän taryhy ýörelgeleriniň, pederlerimiziň döwlet gurmak tejribesiniň, durmuş kadalarynyň we ata-babalarymyzyň umumadamzat medeniýetine mynasyp goşant goşan bütindünýä gymmatlyklarynyň hasda dabaralanmagyna giň ýol açýar. Türkmen döwletliligini häzirki zaman filosofiýasyny köpmaksatly halkara gatnaşyklaryna ygrarly bolan ýurdumyzyň Bitaraplyk taglymaty bilen durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy-tehnologik ugurlarynyň özara baglanyşykly, sazlaşykly hem-de yzygiderli ösüşinde görmek bolýar. Jemgyýetimizi yzygiderli kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn strategiýalarynda, milli ösüşleriň ähli ugurlarynda Türkmenistanyň Bitaraplygy öz beýanyny tapmak bilen, ol howpsuzlygyň düzüm bölekleriniň dünýä derejesinde üpjün edilmeginde, durnuklylygy saklamakda we ählumumy ösüşde hem mynasyp orny eýeleýär. Pederlerimiziň ruhy keşbini, halkymyzyň milli agzybirlik, parahatsöýüjilik we ösüş aýratynlygyny taryhyň dürli sahypalarynyň mysallary bilen aýdyň görkezýän ýurdumyzyň Bitaraplyk taglymaty döwlet Garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň hem mizemezliginiň kepili bolmak bilen, türkmeniň durmuş pelsepesini, ýaşaýşa bolan garaýşyny şöhlelendirýär.

       Şu aýratynlyklary nazarda tutmak bilen, dünýäniň ençeme döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar we hyzmatdaşlyklar ýola goýuldy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda amala aşyrylýan, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagy we sanlaşdyrmagy ugur edinýän giň gerimli maksatnamalar, okgunly ylmy-tehnologik ösüş hem-de sebit we halkara ähmiýetine eýe bolan iri düzümleýin taslamalar üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek hem-de oňa sazlaşykly häsiýet çaýmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.