Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Türkmeniň saýrak bilbili - Oraz Salyr
  30.01.2021
788
Türkmeniň saýrak bilbili - Oraz Salyr

    Oraz Salyr Mäti ogly 1876-njy ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda bagşylaryň maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kakasy Mäti we agasy Çerkez öz döwründe halk tarapyndan söýlüp diňlenýän bagşylar bolupdyr. Oraz ilkinji saz tälimlerini kakasy Mäti bagşydan, soňra bolsa agasy Çerkez bagşydan alypdyr. Çagalykdan esasy oýnawy ilki dilli tüýdük, soňra gargy tüýdük bolan Oraz ençe ýyllap gargy tüýdügiň ýanynda aýdym aýdyp gezipdir. Meşhur Peýdaguly tüýdükçiniň, Ýagşy tüýdükçiniň sazandarlyk etmeginde labyzly ses bilen “Ak eşekli”, “Bidert ýarym”, Kyýamat”, “Tabşyrdym seni” ýaly ajaýyp aýdymlary ýerine ýetrip halkyň içinde adygyp başlapdyr. Soň soňlar bolsa dutar saz guralyny ymykly ele alyp, aýdymlaryny dutara goşup aýdypdyr. Şükür bagşy, Gurban bagşy, Täçmämmet Suwhangulyýew, Amangeldi Gönübekow ýaly halypalar bilen ýakyndan tanşyp olar bilen sungat aragatnaşygyny saklaýar. Onuň adynyň yzyna Salyr lakamy goşlup il içinde ýörgünli ady Oraz Salyr bolupdyr.

      Mary welaýatynda ýerleşýän “Ýolbarsly” çaýhanasy ýurdumyzyň ähli ýerine şeýle-de goňşy döwletlere-de belli bolupdyr. Çaýhananyň esasy aýratynlygy hem bu ýerde belent sesli meşhur bagşylar, ýüwrük elli tanymal sazandalar düşläpdirler. Olaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary islendik ýolagçyny ýoldan sowup, çaý içip, bagşy diňläp, dynç alyp gidýändigi sebäpli, çaýhana mydama adamly bolupdyr. Ol ýere halypa bagşy-sazandalar, şägirtler üýşüp gyzykly sungat söhbetlerini hem edipdirler. Oraz Salyryň aýdan aýdymlary hem ilkinji gezek 1903-nji ýylda Marynyň şol “Ýolbarsly” çaýhanasynda ýazgy edilýär. Şonda bagşynyň “Kelte gyrk”, “Nowgül”, “Dat ýar”, “Arzygül”, “Meýlis halar”, “Köne güzer” atly aýdymlary ýazgy edilip, tiz wagtda türkmen topragyna ýaýraýar.

1926-njy ýylda türkmen sazyny öwrenmäge ýörite gelen rus alymy W.A.Uspenskiý Sarahsa baryp, meşhur bagşy Oraz Salyr bilen duşuşypdyr. Onuň täsin owazly aýdymlaryny gaýta-gaýta diňläp, şirin owazyna haýran galypdyr. Alym ondan “Nejep oglan” dessanyndan “Jygaly”, “Gül-senuber” dessanyndan “Tabşyrdym seni” diýen aýdymlaryny nota ýazgysyna geçiripdir. Şeýle hem Oraz Salyryň kakasy Mäti bagşy, agasy Çerkez bagşy, Agajan bagşy barada gyzykly maglumatlary ýazyp alypdyr. Täçmämmet Suwhangulyýew bilen Sahy Jepbarowyň ýolbaşçylyk eden aýdym-saz toparlarynda birnäçe wagtlap işlän Oraz Salyr topar bolup, dürli ýerlerde çykyş edip, öz ussatlygyny ýene bir gezek äşgär edýär. 1935-nji ýylda Moskwa şäherinde Oraz Salyryň “Gyrklar”, “Gyzyl gül”, “Aýlansam”, “Tüni derýä”, “Elden gider” ýaly aýdymlary gramplastinka ýazgy edilýär. 1938-nji ýylda aýdym-saz sungatynda bitiren aýratyn hyzmatlary nazarda tutulyp, oňa ilkinjileriň hatarynda “Türkmenistanyň halk bagşysy” diýen belent at dakylýar. Kiçi Geldimyradow, Rejep Gylyjow, Giçgeldi Amanow, Oraz Sopyýew, Nurjemal Adyýewa ýaly tanymal bagşylar Oraz Salyryň mynasyp şägirtleridir. Oraz Salyr Mäti ogly 1940-njy ýylda aradan çykýar.

Meşhur bagşynyň ýaşap geçen topragynda onuň ömri we döredijiligine bagşlanyp dürli dabaralar geçirilýär. Ahal welaatynyň Sarahs etrap Medeniýet bölüminiň Oraz Salyr adyndaky bagşylar öýi hem hereket edýär. Halypa Oraz Salyryň ýerine ýetiren “Ýok meniň”, “Elden gider”, “Arzygül” ýaly aýdymlary bolsa ýaş bagşylarymyz tarapyndan ürç edip öwrenilýär we ýerine ýetirilýär.