logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /“Türkmengaz” DK “mawy ýangyjyň”çykarylyşyny artdyrmagy meýilleşdirýär
  17.03.2024
579
“Türkmengaz” DK “mawy ýangyjyň”çykarylyşyny artdyrmagy meýilleşdirýär

Häzirki wagtda “Türkmengaz” döwlet konserni tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin, ilkinji nobatda, gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap enjamlar we serişdeler arkaly degişli känlerde ulanyş-baha beriş guýulary gazylyp, senagat taýdan ähmiýetli bolan kükürtsiz gaz akymlary alyndy.

 

“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan geljek ýyllarda hem nebitgaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna gaz känlerinde gysga wagtda tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, ulanyş-baha beriş guýularynyň buraw işlerine girişildi.

 

Mundan başga-da, täze burawlanýan gaz guýularynyň ýerüsti gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maddy-tehniki enjamlar bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

 

Mergen GURBANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary 
fakultetiniň talyby.