logo

Latest news:
✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦
Home / Sports /Türkmenbaşy şäherinde futbol ýaryşy geçirildi
  09.11.2023
920
Türkmenbaşy şäherinde futbol ýaryşy geçirildi

Ýaňy ýakynda Dana bilim merkeziniň Türkmenbaşy şahamçasynyň guramagynda, galyberse-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy geňeşiniň, Türkmenbaşy şäher bilim bölüminiň, Türkmenbaşy şäher sport bölüminiň, Türkmenistanyň mekdep sport federasiýasynyň, Şagadam futbol toparynyň, Deňiz-derýa orta hünär mekdebiniň ýardamlaşmagy bilen "Saglyk, ruhubelentli, dostluk" atly şygar bilen Türkmenbaşy şäher mekdep okuwçylarynyň 8-9 synp okuwçylarynyň arasynda futbol ýaryşynyň deslapky tapgyry geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenbaşy şäher mekdepleriniň 15 sanysy gatnaşdylar.

 

 

Ýaryş diyseň çekeleşikli geçip, mekdepleriň arasynda 2-nji, 6-njy, 8-nji, 9-njy,11-nji,12-nji,13-nji,14-nji mekdep okuwçylary 1/4 finalda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

 

 

Ýaryş Türkmenistan ata Watanymyzyň döwlet senasy we Aziya futbol federasiýasynyň sazy bilen başladyldy. Ýaryş Türkmenbaşy şäheriniň ýöriteleşen 10-njy orta mekdebiniň futbol meýdançasynda geçirildi. Dana bilim merkeziniň direktory Nury Halmanowyň aýtmagyna görä şu çäre diňe ýaryşlaryň başlangyjy bolup durýar. Şeýle-de stol tennis ýaryşy, küşt ýaryşlarynyň geçirmekligi meýilleşdirilýär.