logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Economics /Türkmen ýük gämileri 2024-nji ýylda ilkinji ýüzüşini amala aşyrdylar
  19.01.2024
617
Türkmen ýük gämileri 2024-nji ýylda ilkinji ýüzüşini amala aşyrdylar

Häzirki wagtda daşary ýurtlara daşalýan ýükleriň köp bölegi deňiz üsti bilen amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň çäginde bar bolan we gurulýan halkara derejeli demir ýollaryň we gara ýollaryň kömegi bilen Türkmenbaşy şäherine gelýän ýükleri Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän deňiz portlaryň kömegi bilen daşary ýurtlara ugradylýar.

 

 

Ýurdumyzdan Russiýanyň Astrahan şäherine, Azerbaýjanyň Baku şäherine we Eýran Yslam Respublikasynyň Bender-Abbas portuna ugratmaga mümkinçilik bardyr.

 

 

Ýaňy ýakynda hem “Türkmenistan” we “Magtymguly” atly gury ýük gämileri Baku şäherinden Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň terminalyna gelip durdy. “Нейтралный Туркменистан” gazetiniň maglumatyna görä, bu 2024-nji ýyldaky ilkinji gury ýük gämi gatnawydyr.

 

 

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýylyň ilkinji günlerinde degişli gämileriň ilkinji ýüzüşlerini amala aşyrylmagy Pähim-paýhas ummany- Magtymguly Pyragy ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrdy. Bu gämiler gatnaw ýüzüşinde 54 sany ýük awtoulagy we 200 sany ýolagçyny 12 sagatda gatnatmaga mümkinçiligi bar.

 

Aýsenem Serdarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.