Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýanyň saglyga peýdasy we onuň köp ugurly ulanylyşy ✦ ✦ Kitap okamagyň peýdalary ✦ ✦ Ekologiýa: daşky gurşawy goramagyň ähmiýeti ✦ ✦ Emeli aň, onuň görnüşleri we ulanylyş gerimi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaplary geljekki nesiller üçin pähim-paýhas mekdebi ✦ ✦ Stomatologiýada ulanylýan enjamlaryň fiziki häsiýetleri ✦ ✦ Ylmy eserleriň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat ✦ ✦ Halkara fiziologiýa merkeziniň saglygy goraýyşdaky ähmiýeti ✦ ✦ Narpyzyň adam saglygyna täsiri ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmen teatr sungaty barada
  21.11.2023
1243
Türkmen teatr sungaty barada

“Teatr beýik mekdepdir, onuň wezipesi biçak uludyr. Ol birbada giden märekä janly sapak okalýan kafedradyr. Bu ýerde gözüňi deşip barýan yşyk, göçgünli saz birleşip çykýan gülki hiç bir nogsanlyga gizlenmäge maý berenok. Bu ýerde tanyş, pynhan, belent duýgy köpüň gatnaşmagy bilen ile äşgär bolýar”.

 

 

Teatr şeýlebir üýtgeşik we jadyly sungat. Bu ýerde adamlar şatlanmaga we wagtyny hoş geçirmäge mümkinçilik tapýar. Bu ýerde adamlar sahnada goýulýan sahna eserlerlerini görenlerinde gülküli we hal halatlarda olaryň gynanjy hakynda söz açylýar. Şonuň üçin hem adamlar teatry gowy görýärler.

 

 

Geçen asyryň ortalarynda has takygy 1926-nji ýylda açylan teatr studiýasy öz teatr söýüjilrerini okuwa kabul edýär. Onuň ilkinji ýolbaşçysy bolsa Garaja Burunow bolýar. Şol teatr studiýasyna ilki bilen 15 sany oglan gyzlar dan düzülen topar okadylyp başlanýar. Olardan teatr sungatynyň ägirtleri Gulluk Hojaýew, Bazar Amanow, Aman Gulmämmedow, Alty Garlyýew, Suraý Myradowa, Sary Garyýew, Ogulgurban Durdyýewa, Gylyç Berdiýew, Galpak Herräýew, Gulkişi Gulmyradow, dagylar ilkinjileň hatarynda bilim alýarlar.

 

 

1926-nji ýylyň 2-nji noýabrynda “Zöhre-Tahyr” spektaklynyň ilkinji görkezilişi bolýar. 1929-nji ýylda Türkmenistanyň medeni durmuşynda öwrülişik bolýar. Şol ýyl ilkinji türkmen milli professional drama teatry döredilýär. Teatryň döredijilik topary studiany tamamlan uçrumlardan düzülýär. Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Aýtjan Haldurdyýew, dagylar teatryň ilkinji dramaturglary hökmünde teatryň repertuaryny beýgeldýärler.

 

 

Aýtjan Haldurdyýewiň “Galyňsyz” atly pýesasy esasynda sahnada goýulan spektakl bilen 1929-nji ýylyň 10-nji sentýabrynda öz işine başlaýar. Teatr sungatynyň ösmegi bilen ony söýüjileriň hem sany artýar. Teatr studiýasynda we beýleki döwletlerde okap okuwny tamamlap gelen ýaşlar şol wagtky “Mollonepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama” teatrynda işläp başlaýarlar.

 

 

Şol ýyllarda sahnada goýulýan eserler bilen ýurdymyzyň welaýatlarna obadyr şäherlerine iş saparlary bilen gidýärler we türkmen teatr sungaty bilen tanyşdyrýarlar. Ilki başda drama eserleriniň ýetmezçiligi zerarly, gurnaga gatnaşyjylar sahna eserlerini köpçulikleýin ýazypdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen bu ajaýyp teatr täze sahna eserleri bilen baýlaşyp, ösüşiň belent derejelerine ýetýär we sahnada kämil eserler döreýär. Ýyllaryň geçmegi bilen teatr repertuary diňe türkmen dramaturglaryň dälde eýsem daşary döwletleriň dramaturglarynyň, ýazyjylarynyň eserleri bilen dowam edipdir. N.W.Gogolyň “Derňewçi”, K.Goldoniniň “Iki aganyň hyzmatkäri”, W,Şekispiriň “Otella”, “Nadaranyň nogtalanyşy” D.Furmanow bilen S.Poliwanowyň  “Gozgalaň” ýaly sahna eserleri türkmen sahnasynda janlandyrylýar.

 

 

Aýlar geçýär ýyllar geçýär teatr sungaty ýaşamagyny dowam edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda teatr sungaty ösdürilip täze derejelere ýetdi. Häzirki wagtda biziň ýurdymyzda paýtagtymyzda teatrlaryň bäşisi Welaýatlarmyzda bir sany teatrlarmyz halkymyza hyzmat edýär.

 

 

Arkadag şäherinde açylan täze teatr Aman Gulmämmedowyň adynyň dakylmagy hem teatr sungatymyza goýulýan hormatdan nyşan. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe teatr sungaty ösýär. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň alyp barýan parasatly işlerinde beýleki doganlyk ýurtlarynyň gatnaşmagynda teatr Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwaly geçirilýär.

 

 

Biziň ýurdymyzda dowam edýän teatr festiwaly hem teatryň ösmegne we berkemegne goşant goşar. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň alyp barýan işleri rowaç alsyn goý olaryň jany sag başy dik bolsun.

 

Daýanç Baýramow
Türkmen Döwlet Medenýet institutynyň
“Teatr Sungaty” fakultetiniň V ýyl talyby.