Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ynsan kalbynyň nury kitap ✦ ✦ “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar! ✦ ✦ Bitarap Türkmenistanyň şanly menzilleri ✦ ✦ Arkadag şäheri — bagtyň nury ✦ ✦ Iň ýaş botanika baglary ✦ ✦ Dokma önümçiligi: Aýratyn Sungat ✦ ✦ Dünýäniň iň uly gidrostansiýasy ✦ ✦ Iň uly akwarýumlar nirede ýerleşýär? ✦ ✦ Oňyn hyzmatdaşlygyň binýady – suw diplomatiýasy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Türkmen oba hojalyk institutynda hasyl toýuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
  20.11.2023
339
Türkmen oba hojalyk institutynda hasyl toýuna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat toplumyny işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegi, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegi gönüden-göni oba hojalyk işgärleriniň üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr. Bu ulgamda oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, dürli görnüşli önümleriň öndürilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Öňde durýan wezipeleri oňyn çözmek maksady bilen, täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala getirilmegi, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, öňdebaryjy agrotehnologiýalary peýdalanmak, pudaklaýyn ylmy, seçgiçiligi hem-de tohumçylyk işini ösdürmek babatda toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Döwlet Baştutanymyz topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasylyň möçberlerini artdyrmak, tohumçylyk işini kämilleşdirmek, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerini möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Türkmen oba hojalyk institutynyň medenýet merkezinde "Hasyl toýy-döredijilikli zähmetiň rysgal-berekediň agzybirligiň baýramy" atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.Maslahatda ilkinji bolup Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Ýazguly Ataýew çykyş etdi.Ikinji bolup oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasynyň uly mugallymy Aşyrmät Annaýewiç çykyş edip, ol öz çykyşynda oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada şol sanda maldarçylykda, guşçylykda, tohumçylykda we suwarşyň yldysady taýdan netijeli usulyny işläp düzmekde ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada gürriň berdi.Şeýle hem maslahatyň dowamynda Aýjeren Tagandurdyýewa, Bahar Ýusupowa, Miwe Nuryýewa, Aýjemal Artykowa, Serdar Muminow ýaly mugallymlar öz täsirli gürrüňleri bilen çykyş etdiler.

 


Türkmenistan ýurdumyz önüm öndürmek babatda taryhy däpleri saklamak hem-de baýlaşdyrmak bilen, dünýäde ýokary hilli pagtany esasy öndürijileriň biri bolup durýar. Pagta okgunly ösýän dokma senagatynyň döwrebap kärhanalarynyň onlarçasy üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Türkmen nah ýüplükleri hem-de matalary, trikotaž we jins matalary, dizaýnerçilik, tehnologik çözgütler esasynda taýýarlanylan taýýar önümler dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.


Pagta süýüminden ýüplükler, matalar we egin-eşikler taýýarlanylýar. Ondan lukmançylyk pamygy, kosmetiki serişdeler, dokalmaýan serişdeler hem-de tehniki maksatly önümler öndürilýär. Pagta birnäçe azyk önümleri üçin hem çig mal bolup hyzmat edýär. Şolaryň hatarynda pagta ýagy aýratyn ähmiýete eýedir. Gowaça gülüniň baly bolsa melhemlik häsiýete eýedir.Mundan başgada ençeme ugurlarda peýdalanylýar.

 

 

Erkin Annageldiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.