logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmen-Hytaý dostlukly gatnaşygy 2 müň ýyl bäri dowam edip gelýär
  04.11.2023
1005
Türkmen-Hytaý dostlukly gatnaşygy 2 müň ýyl bäri dowam edip gelýär

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar. Hytaý Halk Respublikasy hem ýurdumyzyň möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, “Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar iki müň ýyldan gowrak wagtdan bäri dowam edip gelýär. Beýik Ýüpek ýoly iki ýurdy we olaryň halklaryny ysnyşykly baglanyşdyrypdyr”. Muny  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem subut edýär.

 

 

Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň halklaryny köpasyrlyk dostlugyň, özara gatnaşyklaryň we hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar. Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen energetika, ulag, kommunikasiýalar, ekologiýa, senagata we beýleki pudaklara “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak, ykdysadyýetde ýakynlaşmak işini çuňlaşdyrmak ýaly strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy artdyrýar.

 

 

Iki dostlukly ýurt iri halkara guramalaryň hem-de sebit düzümleriniň, şol sanda «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny özara goldaýarlar.

 

 

Diýmek, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň halklaryň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň baý tejribesine daýanýandygyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary wagtynda geçirilen duşuşyklar, bu iri forumyň çäginde Milli Liderimiziň taryhy çykyşy we öňe sürlen teklipler, gol çekilen resminamalar aňryýany bilen tassyklaýar.

 

 

Goý, şeýle başlangyçlar diňe iki ýurduň arasynda däl eýsem dünýäniň beýleki ýurtlary bilen hem dostlukly gatnaşyklar has hem pugtalansyn.

 

Dawut SÖÝÜNOW,
Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyñ Maglumat
tehnologiýalary we programmirleme
fakultetiniñ I ýyl talyby.