logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Sungatyň rowaç menzilleri
  25.11.2020
910
Sungatyň rowaç menzilleri

     Ýurdumyzda medenýete, sungata, saza, döredijilik bilen meşgullanýan adamlara uly sarpa goýlyp, bu ugurda zerur bolan ähli döwrebap mümkinçilikleri döredilip berilýär. Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde açylan köp ugurly “Jahan” döredijilik merkezi hem munuň nobatdaky subutnamasydyr.  Ýurdymyzda halkymyz üçin täze açylan binadaky sazçylyk, nakgaşlyk, tikinçilik, tansçylyk ýaly döredijiligiň dürli ugurlaryna ýöriteleşdirilen, otaglar häzirki zamanyň kämil saz gurallarydyr iş enjamlary bilen üpjün edilip, olarda ähli döwrebap enjamlar göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi ýurdumyzda, medeniýet sungat ulgamynyň döwrebap derejede täze täze ösüşlere eýe bolmagynda uly ähmiýete eýedir. “Jahan” döredijilik merkezinde tikinçilik, biçimçilik işi bilen meşgullanmaklyga-da ähli zerur şertler döredilipdir. Bu tikin we el işlerine niýetlenen aýratyn bölüm bar. Oňada tikinçilik otagynada dünýäniň kämil, ýokary öndürijilikli tikin enjamlary oturdylypdyr. Ýaka dikmek, ütüklemek işi bilen meşgullanmak üçin hem aýratyn otaglar bar. Bu bölümde merkeziň medenýet sungat işgärlerine, tanysçylaryna umuman, ähli isleg bildirýänlere döwrebap tikinçilik hyzmaty edilýär. Ýurdymyzyň abraý-mertebesi dünýä ýüzünde barha belende galýar!