logo

Latest news:
✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦
Home / Sports /Sport - sagdynlygyň girewi
  26.12.2023
796
Sport - sagdynlygyň girewi

Eziz diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi, halkymyzyň jan saglygyny goramak, sagdyn-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak ugrunda edilýän aýdyň tagallalardyr. Ynsanyň baş baýlygy bolan saglygy pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusaglyk göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sany häzirki wagtda günsaýyn artýar.

 

 

Sport bilen meşgullanmak diňe bir beden taýdan taplanmak bolman, eýsem ruhy kämillige hem eýe bolmakdyr. Olaryň ikisi birleşende bolsa, adam özüni bagtyýar duýup, her bir dogýan güni ruhubelentlik bilen garşy alýar. Sporty gündelik durmuşda endigine öwüren ynsanlar bolsa üstünliklere sary ynamly gadam urýarlar.

 

 

“Sagdyn bedende – sagdyn ruh” ýörelgesini öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän asylly işleriniň netijesinde ýurdumyzda sagdyn jemgyýet kemala gelýär. Sporty ösdürmeklige döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde aýratyn üns-alada bilen garalýar. Şeýle döwletli işleriň geriminiň barha giňemegi  jemgyýetimiziň berk bedenli we kämil ruhly, ruhubelent bolmagy ýaly belent maksatlarda öz beýanyny tapýar. 

 

 

Ýalkapberdi BAÝMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.