logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Sanly ulgamyň kämilleşmegi
  06.12.2023
653
Sanly ulgamyň kämilleşmegi

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşyň we beýleki ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalar ýerine ýetirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda giň gerimli meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. ХХI asyryň başynda ýurdumyz da durmuş innowasiýalaryny goldamagyň zerurlygy ýüze çykdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 14-nji maýynda çykaran 11061-nji belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň durmuşykdysady ösüşiniň 2011 – 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasy» ýurdumyzyň ykdysady ösüşini durmuşa gönükdirilen innowasiýa nusgasyna geçirmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Bu resminamanyň maksadyna we wezipelerine laýyklykda ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmak, bazar-ykdysady we institusional özgertmeleri çuňlaşdyrmak, milli ykdysadyýetiň innowasiýa ösüşini gazanmak, durmuş ulgamynda hyzmatlary hil taýdan kämilleşdirmegiň netijesinde, adamyň ruhy taýdan ösüşiniň ýokary derejelerde bolmagyny üpjün etmek we beýlekiler göz öňünde tutulýar. Bu işler gerimi hem-de ähmiýeti babatynda maksatnamalaýyn strategiýa hökmünde halkymyzyň durmuş şertleriniň düýpli gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz  sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere üns çekildi

 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygy barada edilýän alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Saglyk» Döwlet Maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Ýurdumyzda ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş we bejeriş merkezleri lukmançylygyň iň döwrebap tehniki enjamlary bilen üpjün edilýär. Adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyň jany sag, ömri uzak bolsun, ýurdumyzyň ösdürilmegine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

 

 

Mekan Haýytgulyýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
Kommunikasiýalary institutynyň
Sanly tehnologiýalar we Kiberhowpsuzlyk fakultetiniň
4-nji ýyl talyby.