logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Politics /Ösüşlere beslenýän kuwwatly Watan
  03.11.2023
684
Ösüşlere beslenýän kuwwatly Watan

Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýermek esasynda amala aşyrylýar hem-de daşary syýasat işine, türkmen bitaraplygyna häzirki döwürde sebit hem-de halkara durnuklylygynyň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar. Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň, bu ýerde ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmegiň netijeli usuly hökmünde seredilýär.

 

 

Hormatly Prezidentimiz ösüşiň döwlet syýasatynyň baş maksadydygyny, dünýädäki syýasy, ykdysady, maliýe ýagdaýlara garamazdan, ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtaýar. Ilkinji nobatda, ösüş ýoly arkaly ýurdumyzyň ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşini berkitmek, dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrmak hem-de ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak üçin ähli tagallalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň strategik ösüş maksatnamalaryndaky anyk wezipeleriň ýerine ýetirilmegine telekeçileriň, hususy pudagyň giňden çekilmeginiň ykdysady bähbit bilen birlikde, tutuş jemgyýetçilik işjeňligine hem uly täsir edýändigi täze döwrüň möhüm alamatlarynyň biridir.

 

 

Baky Bitarap döwletimizde milli maksatnamalaryň çäklerinde ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegi, durmuş düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy ähli pudaklaryň düşewüntliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Halkyň aň-bilim mümkinçilikleriniň netijeli artdyrylmagy hem-de bu ugurda amal edilýän ägirt uly işler bilen bagly alnyp barylýan öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we iňňän sagdyn syýasat biziň ähli ösüşlerimiziň, gazanýan üstünliklerimiziň özeni bolup durýar.Milli ykdysadyýetiň pudaklaryndaky şeýle möhüm ädimleriň düýp maksady halkymyz üçin ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekdir. Munuň özi kuwwatly döwletimizde halkyň agzybirliginde, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyryljak beýik maksatlara gönükdirilendir.

 

 

Döwlet ORAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.