Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirildi
  20.11.2023
479
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirildi

16-njy noýabrda Mary welaýatynyň edara ediş merkezi Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlady.

 

 

Mälim bolşy ýaly, bu forumy geçirmek teklibi şu ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi. Bu başlangyç Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky deň-duşlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, giň dünýägaraýyşly, öz halkynyň däp-dessurlaryna, milli mirasyna belent sarpa goýýan, bilimli, zehinli ýaş nesli terbiýelemek babatda köpugurly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

 

 

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çäginden geçip, Ýewropa uzan bu taryhy ýol möhüm ähmiýete eýe bolan köp sanly medeni we söwda merkezleriniň emele gelmegine hyzmat edip, dünýä medeniýetiniň ösmegine, rowaçlanmagyna şert döredipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň galkynmagynyň we bu işe jemgyýetiň hereketlendiriji güýji, Ýer ýüzünde bagtyýar geljegi gurmakda ähmiýetli orny bolan ýaşlaryň işjeň gatnaşmagynyň şu gezekki forumyň gün tertibiniň esasy mazmuny hökmünde kesgitlenilmegi tötänden däldir. Hut döwrebap dünýägaraýşa eýe bolan ýaşlar häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözülmeginde çuň many-mazmun bilen üsti ýetirilýän köptaraply gatnaşyklary gurmaga, düýbünden täzeçil, kabul ederlikli çemeleşmeleri öňe sürmäge hem-de durmuşa ornaşdyrmaga ukyplydyrlar.

 

 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan özgertmeler syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşany boldy. Şu ýylyň iýun aýynda kabul edilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» nurana geljegi gurmagyň bähbidine beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär. Şu forumyň geçirilmegi hem bu Strategiýany durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ähmiýetli waka boldy.

 

 

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda häzirki güne çenli saklanyp galan gadymy şäher oazisleriniň biri bolan «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç guraldy.

 

 

Arslan GARRYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.