logo

Latest news:
✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦ ✦ Gonkongda türkmen-hytaý atçylyk medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi ✦ ✦ Anadoluda gadymy siwilizasiýalaryň täze syrlary açylýar ✦ ✦ Porsche 100 göterim gaýtadan işlenen materially akkumulýator elementlerini synagdan geçirýär ✦
Home / Poetry /Mährem eneler hakynda
  04.03.2025
1780
Mährem eneler hakynda

Wagtyň ýeke-täk  täsirini ýetirip bilmeýän  ynsany – enedir. Sebäbi olar  ähli ýaşda-da gözeldirler.

***

Ene hamraklygy  doýup bolmaýan  bal suwly çeşmedir.

***

Goý, ýyllar seniň duýgularyňy üýtgedibersin. Barybir, käbäňi göreniňde,  ýene çagalyk ýyllaryňdaky ýaly öňküligiňe dolanarsyň.

***

Eneler – goýnunda  güneşletjek, bulutsyz asmanda  dogan Gün  mysaly   perzentleriniň  ýoluna  elmydama  nu saçjak ýagtylykdyr.

***

Dünýäde  ýakymlydan mylaýym,  diňe  siz üçin neýetlenip,  adyňyzy  beýlekilerden  üýtgeşik  tutup  dillenýän  enelerden  süýji  dilli başga adamyň  ýokdugyna  ynanyň.

***

Enäniň gollarynda  täsin gudrat bar. Diňe şol  ellerde  balalar rahat  uklaýar.

***

Üstünlik  saňa  hemra wagty  ähli kişi seniň  dostuň.  Ýöne  ruhdan düşüp, işiň  şow almadyk  pursady  derdiňi  deň paýlaşjak   diňe eneňdir.

***

Özünde  uly güýji jemleýän ene  söýgüsi  biziň  ýüreklerimiziň  hakyky  eýeleridir.

***

Dünýäde  ene mähribanlygyna taý  gelip  biljek  zat ýokdur.

***

Älem-jahanyň  hormat-sarpasy,  bütin  şatlygy, ilki bilen enelerden başlanýar.

 

 

             Maral Akyýewa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni.