Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Magtymguly Pyragynyň şygryýet äleminde sagdyn durmuş ýörelgeler
  29.01.2021
1257
Magtymguly Pyragynyň şygryýet äleminde sagdyn durmuş ýörelgeler

       Türkmenistan - Bitaplygyň mekany ýylymyzda Hormatly Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda  her bir ynsanyň saglygy ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Her bir ynsanyň saglygyny ýurduň baýlygyna deňeýän mähriban Arkadagymyzyň aladasy  bilen her bir maşgalanyň, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bolmagy üçin ähli  şertler döredilýär.

      Raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ýaş nesliň beden taýdan we ruhy taýdan sagdynlygyny goramak ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugrudyr. Häzirki döwürde ýurdumyzda hereket edýän ýokary derejedäki  sport toplumlary, döwrebap stadionlar, saglyk ýollary, suw toplumlary sagdyn durmuş ýörelgeleridir.

    Milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynda, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, ata-enä, gyz-gelinlere hormat goýmak, çaga terbiýesi, zyýanly gylyk-häsiýetlerden gaça durmak, zyýanly serişdelerden çetde durmak, olaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýanlary barada baý mazmunly goşgulary ýazypdyr.

     Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy edep-ekram, ýagşy gylyk-häsiýet, zyýanly pişeler hakynda köp şygyrlary döredipdir. Şahyryň

,,Çilim”, ,,Çilimkeş”, ,,Nas atan”, ,,Çilim çekmegil”, ,,Munda çilimkeş” we ,,Naskeş” ýaly goşgulary durşuna öwüt-ündew hem-de bahasyna ýetip bolmajak nesihatdyr.

  Şahyr ,,Çilim” atly şygrynda çilimiň adamyň saglygyna zyýanlydygyny, öýkeni hapalaýandygyny beýan edýär. Çilimi ot-ýalyp, öwsunjy mara, gorkunç  zatlara meňzedip, adamlary çilimçekmekden saklamaga çagyrýar.                

Dana, terbiýeçi şahyr Magtymguly çilim we onuň zyýanly taraplaryny  düşündirip, çilimden el çekmäge çagyrypdyr.

   Magtymguly  durmuşda adam saglygy üçin uly zyýanly, hapa bolan nas atmagy hem ýigrenipdir. ,,Nas atan” şygrynda nas atýan adamy mаnyly, ötgür sözler bilen masgaralaýar we ol hapa pişäni taşlamaga çagyrýar.                         

  Şahyr şular ýaly şygyrlary bilen halka gymmatly öwüt-ündewleri beripdir.

      Hormatly Arkadag Prezidentimiziň halkyň saglygyny goramakda  alyp barýan işleri hem-de nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerini neşir etmekde, ol eserleri öwrenmekde alyp barýan işleri nusgalykdyr.

      Nesil baradaky aladanyň  näderejede halkymyzyň arasynda parz görülýändigini biljek bolsaň nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew barada ýazan goşgularyny okanyňda göz ýetirmek bolýar. Şonuň üçin şahyryň goşgularynyň ähmiýeti örän uludyr.

      Sagdyn durmuş ýörelgesi  örän giň düşünje bolup durýar. Ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgesinde terbiýelemek, ata-ene terbiýesinde başlaýar, soňra çagalar edaralarynda, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirilýär. Türkmenistan döwletimizde Mähriban Arkadag Prezidentimiziň uly tagallalary bilen sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamak, işlemek barada ähli mümkinçilikler döredilen. Biz hem ýaş neslimiziň ylymly-bilimli, terbiýeli, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin zähmetimizi gaýgyrmarys. Halkymyzyň aýratyn-da ösüp gelýän ýaş nesliň saglygy barada köp-köp tagallalary edýän Gahryman Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolup, il-ýurt bähbitli edýän tutumly işleri rowaç  bolsun!

                      Şan –şöhrat getirdiň gözel Dýära,

                      Ýaşyň uzak, ömrüň zyýat, Arkadag!

                       Iliňe bagş etdiň ajap zamana,

                      Ýaşyň uzak, ömrüň zyýat, Arkadag!