logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragy - ady äleme dolan beýik söz ussady
  31.01.2024
825
Magtymguly Pyragy - ady äleme dolan beýik söz ussady

Döwürler geçip, döwranlar geldigiçe Magtymgulynyň sarpasy jahana ýaýrar. Çünki ol döwürleriň, ömürleriň, göwünleriň şahyryna öwrülip, bakylyga ýol salan mirasy nesillere galdyrdy. Türkmeniň ruhy dünýäsiniň, edebiýatynyň, medeniýetiniň, ylmynyň hem-de nesil terbiýesiniň milli öwüşginde kemala gelmeginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüniň we döredijiliginiň ähmiýeti juda uludyr.

 

 

Ady äleme dolan beýik söz ussadymyzyň döredijiliginde, onuň gyzyldan gymmatly baý edebi mirasynda terbiýeçilik meselesi, ýagny öwüt-ündewleriň şöhlelendiriliş ýagdaýyny yzarlamak, olary ylmy derňewe çekmek, jemgyýetçilige ýetirmek meselesi uly ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, dana şahyryň döredijilik örüsi örän giň bolupdyr. Onuň umman paýhasynyň baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlaky we terbiýeçilik öwüt-ündewler tutýar. Beýik akyldar halka öwüt-nesihat bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Şahyryň parasatly hem dana sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda henize-bu güne çenli dilden düşmän gelýär.

 

 

Magtymguly Pyragy özüniň dünýewi garaýyşlarynda turuwbaşdan halka, il-güne golaý durupdyr. Ol özüniň goşgularynda ilki bilen halk bähbitlerinden ugur alypdyr, halkyň aladasy bilen ýaşapdyr. Akyldar şahyr durmuşyň manysynyň iliň-günüň derdine ýaramakdygyny ündeýär, ýagşy işlere ýaran bolmagy nygtaýar. Akyldar şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri häzirki döwrümizde ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alýar. Akyldar adamlaryň hemişe ýagşylyk etmeklerini, ejizlere hossar çykmaklaryny, il-günüň alkyşyny almaklaryny isläpdir. Şahyryň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.

 

 

Seýdulla DÖWLETOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.