Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦ ✦ Ýaş talyplaryň döredijiliginde türkmen bedewiniň waspy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Kärizim bar - känim bar
  15.10.2020
407
Kärizim bar - känim bar

      Taryhy çeşmelerden göz ýetirip bolşy ýaly, ýurdumyzyň dag eteklerinden çeşmeleriň gözbaşynyň amatly ýerleri seçilip alnypdyr. Şol ýerden hem ýerasty kärizler gazylypdyr. Kärizler ilatly agyz suwy hem-de keremli toprakdan guşgursak ak bugdaýyň, arpanyň, jöweniň bol hasylyny almaga niýetlenipdir. Suw ynsan üçin ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýar. Ata-babalarymyz muňa doly akyl ýetirip, suwy gözüň göreji dek aýawly saklapdyrlar.

       Ata-bablarymyzyň «Kärizim bar – känim bar» diýen parasatly jümleleri häzirki günler hem öz maňyzly-maýaly manysyny ýitirmän gelýär. Käriz suwunyň arassalygy, durulygy, süýjiligi barlyga melhem şypasyny berýär. Öz döwründe kärizler has möhüm hem ähmiýetli bolupdyr. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Mürçe obasyndaky kärizleriň arasynda «Täzäniň kärizi» (ony «Janabat» diýip hem atlandyrýarlar) has-da meşhur eken. Onuň suwuny dadyp gören hünärmenler bu käriz suwunyň süýjüligine haýran galypdyrlar. Ol akaba şol datlylygyny häzirki wagta çenli hem saklap gelýär.

       Durun obasynda Egri, Geçi, Aýnabat, Huntuş, Göwdüş, Gotur, Güjügiň kärizi, Uzyn käriz atly kärizler bar. Bäherden etrabynda 28 sany käriz bolupdyr. Käriziň bibat bolan ýerlerini abatlamak, olary arassalamak ýaly işleri ýerine ýetirýän ýörite adamlar bar. Olar käriz ussalaryndan bu käriň inçe syrlaryny öwrenýärler. Halk arasynda käriz bilen baglanyşykly rowaýatlar hem ýaşaýarlar. Ata-babalarymyz «... suw pesi tapar» diýen aýtgyny hem döredipdir.

       Käriz gazylanda dag burunlaryndan alnyp gaýdylýar. Sebäbi ýyllarboýy dagdan inýän gardyr ýagyş suwlary pese inişlerine daglaryň burunlarynda topraga siňip, şol ýerlerde kän möçberde ýygnanýar. Elbetde, suwuň ornuny anyklamak, soňra käriz gazmak, suwy ýeriň üstüne çykaryp, ony jalawadan şagladyp akdyrmak üçin telim işiň başyny bogmaly. Olar diňe käriz ussalaryna mälim tilsim-usullardyr. Kämillik derejesine ýetirilip amal edilýän bu sogap iş bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Şol jogapkärli mirasy mundan beýläk hem gözümiziň göreji deýin saklap, nesillerden-nesillere ýetirmek, asyrlardan –asyrlara aşyrmak hem möhümdir. Ezber käriz ussatlarymyzyň şägirtleriniň işlerini synlap, bu asylly käriň dowamat dowamdygyna guwanýarsyň.