logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Şygryýet /«Käbäm ejem» - Çemen ANNABERDIÝEWA
  07.03.2023
1615
«Käbäm ejem» - Çemen ANNABERDIÝEWA

Mylaýym ýylgyrşyň mydam ýadymda,
Törümiň bezegi, käbäm ejem, sen.
Nirde bolsam, seniň söýgiň ýanymda,
Ömrümiň diregi, käbäm ejem, sen.

Mydam ýolum garar mähirli gözüň,
Derdimi egiser dürdäne sözüň,
Keramat-gudratyň eýesi özüň,
Başymyň saýasy, käbäm ejem, sen.

Nurana keşbiňde paýhas nury bar,
Senli günlermize many, şatlyk ýar,
«Balam» diýip, çekmäwersin ene zar,
Janyndan jan beren, käbäm ejem, sen.

Döneýin men belent başyň agyna,
Örkli sen balalaň ýürek bagyna,
Guwanar gyz-ogul — mähribanyna,
«Janam» diýip söýen, käbäm ejem, sen.

Hiňlen ýene, diňläýin men hüwdüleň,
Gussa batsam, göwnüm götär öwgüleň,
Gujagy jennetiň goýny öýdülen,
Dünýäni bagş eden, käbäm ejem, sen.