logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Health /Il saglygy - ýurt baýlygy
  17.01.2024
828
Il saglygy - ýurt baýlygy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan işlerimiziň esasyny düzýär. Sebäbi jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatymyzyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy, ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, esasan-da, ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüşi bilen bagly meseleleri öz içine alýar» diýip belläp geçişi ýaly, saglygy goramak, bedenterbiýe we sport häzirki türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Çünki ynsanlaryň beden taýdan sagdyn bolmagy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan ýaşaýşynyň möhüm şertidir. Şoňa görä-de, Türkmenistanda halkymyzyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy.  

 

 

Milletiň saglygy ýurdumyzyň baş baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuş taýdan abadançylygynyň, bagtyýar geljeginiň hem möhüm ugrudyr. Giň gerimli öňüni alyş çäreleriniň hem-de keselleri irki döwürde anyklamagyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň esasy aýratynlygy bolup durýandygyny bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň sagdyn durmuşyda ýaşamagyna, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär.  

 

 

Humaý HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.