logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /HGI-de "Açyk gapylar" güni geçirilýär
  31.03.2025
1036
HGI-de "Açyk gapylar" güni geçirilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2025 — 2026-njy okuw ýylynda institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy we 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylaryny, Arkadag şäherindäki mekdepleriň gutardyş synp okuwçylaryny şu ýylyň 1-nji aprelinde sagat 09:00-da, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 14-nji we 30-njy aprelde sagat 09:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

 

Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron-terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Ýaş diplomatlar merkezi, Türkmenistanyт diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi