logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Hazar deňziniň düýbünden internet ulgamy çekiler
  14.01.2023
1376
Hazar deňziniň düýbünden internet ulgamy çekiler

2024-nji ýylyň ahyryna çenli Gazagystan bilen Azerbaýjan Hazar deňziniň düýbünden internet ulgamy arkaly birleşmegi meýilleşdirýär. Bu taslama Gazagystanyň «Kazahtelekom» Azerbaýjanyň bolsa «AzerTelecom» kompaniýalary gatnaşar we bilelikde «Azerbaýjan-Gazagystan» ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çeker. Taslama Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda sanly telekommunikasion geçelgesini döretmek maksady bilen «Sanly Ýüpek ýoly» taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Degişli taslama laýyklykda, aragatnaşyk liniýasy Gazagystanyň Hazar deňziniň kenaryndaky Aktau şäherinden başlap, Azerbaýjanyň Siazan şäherine çenli gelip ýeter. Aragatnaşyk liniýasynyň uzynlygy 340 kilometrden gowrak bolar. Ätiýaçdaky aragatnaşyk kanaly bolsa 330 kilometr aralyga çekilip, ol hem Gazagystanyň Kuryk portundan Bakunyň 30 kilometr golaýyndaky Buzowna şäherçesine çenli baryp ýeter.

Belläp geçsek, «AzerTelecom» Azerbaýjanda öňdebaryjy telekommunikasiýa operatory bolup, ýurduň halkara telekommunikasiýa ulgamlaryna birikmegini üpjün edýär.

«Kazahtelekom» hem giň zolakly internet, interaktiw teleýaýlym, öýjükli aragatnaşyk, ýerli we uzak aralykdan telefon aragatnaşygy we bulut hyzmatlaryny üpjün edýän Gazagystanyň iň uly telekommunikasiýa kompaniýasydyr. 

 

Mekan MUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.