logo

Latest news:
✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦
Home / Health /Halkyň saglygy - döwletiň baýlygy
  22.05.2023
2922
Halkyň saglygy - döwletiň baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş  ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda okgunly ösdürilýär. Her ýyl ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär.

Şu gün bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli birnäçe iri saglygy goraýyş desgalary ulanylmaga berildi. Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman  saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna doly kybap  gelýän döwrebap hassahanalar, saglyk merkezleri gurlup ulanylmaga berildi.

Ýurdumyzyň tebigy kliniki, palçyk  bilen bejeriji balneologik şypahana edaralary netijeli işleýär. Olarda  ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň saglygyny dikeltmekleri hem-de rahat dynç almaklary üçin şertler döredilendir.

Täze gurulýan hassahanalar lukmançylyk ylmynyň iň täze gazananlary we öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda enjamlaşdyryldy. Şolarda ýokary hilli we netijede lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak üçin ähli zerur şertleri üpjün edildi.

Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň saglygy baradaky aladany berkarar Watanymyzyň durmuş ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösmegiň ilkinji şertleriniň biri hökmünde kesgitläp, elmydama üns merkezinde saklaýan Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň hemişe jany sag, belent başy aman bolsun! 

 

Goşa ATAÝEW,

Myrat Garryýew adyndaky 
Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň
guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň 
uly mugallymy.