Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň şahadatnamalary gowşuryldy ✦ ✦ TIF 2025 maýa goýum forumy geçiriler ✦ ✦ Watan harmanyna 1 million 400 müň tonna bugdaý hasyly tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy ✦ ✦ Magtymguly – dünýäniň akyldary ✦ ✦ Türkmen mekdep okuwçylary matematika olimpiadasynda 6 medal gazandylar ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti YHG-niň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alymlary täze tehnologiýalary işläp düzýärler ✦ ✦ Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Halkara deňiz portunyň häzirki zaman mümkinçilikleri
  15.11.2023
284
Halkara deňiz portunyň häzirki zaman mümkinçilikleri

Dünýäde adamzat döräli bäri, durmuş özgerişi aragatnaşyga bagly bolupdyr. Gadymy döwürlerde hem uruglaryň, taýpalaryň, ýurtlaryň, halklaryň arasynda ähli babatda hemişe aragatnaşyk bolupdyr. Ony taryhymyza ser salsak, bürünç zamanyndan başlap, käbir ýurtlarda ondan hem ep-esli ozal aragatnaşygyň peýda bolandygyny görýäris.

 

 

Türkmenistan hem Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşip, ulag ulgamynyň ähli görnüşlerini ösdürmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Döwletimiziň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ulagyň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmäge uly ýardam berýär. Häzirki döwürde «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» esasy ugurlarynyň biri hem daşary syýasatda ulag ulgamyny ösdürmekdir. Hazaryň türkmen kenaryndaky Halkara deňiz porty häzirki zaman ýüpek ýolunyň janlandyrylmasydyr. Portuň açylyp ulanmaga berilmegi bilen Beýik Ýüpek ýoly häzirki zaman ähmiýete eýe boldy. Döwrebap tehnologiýaly, ekologik taýdan arassa, giň mümkinçilikli halkara deňiz derwezesi bolan port sebit ähmiýetlidir.

 

 

Bu geografik deňiz gurşawunda hyzmatdaşlyk esasy ulag-logistika we söwda-ykdysady ugurlar boýunça işjeň alnyp barylýar. 2018-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen Türkmenbaşy halkara deňiz portundan hazarýaka döwletleriniň portuna yzygiderli ýük we ýolagçy gatnawy amala aşyrylýar. Bu port Hazar deňzi sebitinde ýerleşýän portlaryň arasynda üstaşyr ýükleri geçirmekde öňdäki orunlary eýeleýär. Ýurdumyzyň we daşyndan gelýän ýükler polat we awtomobil ýollaryň üsti bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gowuşýar. Hazar deňziniň üsti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherine çenli, soňra Gruziýanyň Tbilisi şäheriniň üsti bilen Türkiýe Respublikasynyň Ankara we Stambul şäherlerine çenli üstaşyr geçirilýär. Ondan aňyry Ýewropa ýurtlaryna çykmaga hem giň mümkinçilik döreýär. Şeýlelikde, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty wajyp wezipäni ýerine ýetirýär.

 

 

Türkmenbaşy halkara deňiz porty 152 gektara barabar meýdany eýeleýär we parom, ýolagçy we ýük terminallaryny öz içine alýar. Bir wagtda 17 gämä hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan gämi duralgalarynyň umumy uzynlygy 1800 metre barabardyr. Portuň ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulaglaryna hyzmat etmäge, 400 müň konteýnerleri işläp taýýarlamaga mümkinçiligi bar. Onuň ýük geçirijilik ukyby, nebit önümlerini hasaba almazdan 17 million tonna barabardyr. Portda «Balkan» gämi gurujy we bejeriji zawody hem hereket edýär. Onuň ýylda 12 müň tonna polady gaýtadan işlemäge, 4 sany gämini gurmaga we 20 gämini bejermäge mümkinçiligi bar.

 

Pälwan ALTYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 3-nji ýyl talyby.