Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Gülýakada gudrat bar
  08.03.2021
1363
Gülýakada gudrat bar

       Gülýaka türkmen gelin-gyzlarynyň dakynýan şaý-sepleriniň arasynda iň bir saýlanyp duran görnüşleriniň biridir. Gülýaka dakynan gyzlardyr gelinleriň keşbi öňküden-de örän gözelleşýär, görklenýär. Käbir halatlarda türkmen gelin-gyzlarynyň şaý-sepleri birwagtlar söweş lybasy bolup hyzmat edipdir diýip hem hasaplanylýar. Şeýle çaklamalaryň ugrunda bar bolmagy hem mümkin. Çünki, taryhdan bilşimiz ýaly Watan ugrundaky söweşlere türkmen gelin-gyzlarynyň hem jan aýaman gatnaşandyklary bize mälimdir. Söweş lybasy diýip düşünseň gülýakany döşüň galkany diýip hasap etmek bolar. Ýöne gülýakanyň söweş lybasynyň bir bölegi ýa-da bezeg şaý-sepi hökmünde däl-de, eýsem onuň başga käbir aýratyn häsiýeti bellenilmäge mynasypdyr.

Adamzadyň taryhynda zenan kalby, hiç wagt aňyrsyna-bärsine göz ýetirip bolmajak syrly umman diýip düşünilipdir. Hut şu nukdaýnazardan hem gadymy ata-babalarymyz zenan kalbynyň ynjamazlygyny, zenan kalbynyň päkizeligini goramak barada çuňňur aladalanypdyrlar. Şol aladalaryň netijesinde hem gülýaka döräpdir. Şeýlelikde gülýaka zenan kalbynyň goragçysy, bekçisi bolsun diýip oýlanyp tapylana meňzeýär.

Türkmen gelin-gyzlarynyň dakynýan gülýakasynyň şekili hakda aýtsak, oňa Günüň şekili berlendir. Gülýakanyň ýüzünde ony deň dört bölege bölüp duran atanak bolup, ol bir ýyly we onuň dört pasylyny aňladýandyr. Atanagyň uçlarynda dört sany gaş bolup, ol bir ýylda Günüň dört sany duralgasynyň bardygyny aňladýar. Olar mart aýynyň 22-si, iýun aýynyň 22-si, sentýabr aýynyň 22-si we dekabr aýynyň 22-si günleridir. Gülýakanyň dört böleginiň hersinde ortadan ýene-de üç gaşdan goýulandyr. Bu bolsa her pasylda üç aýyň bardygyny we bir ýylda hem on iki aýyň bardygyny alamatlandyrýandyr. Gülýakanyň aşaky etegine elli iki sany şelpe dakylýar. Bu bir ýylda elli iki hepdäniň bardygyny aňladyp, şelpeleriň ýigrimi altysy gaşly, ýigrimi altysy bolsa gaşsyzdyr. Bu bir ýylyň ýarynyň ekini gögerdiji we hasyl beriji, ýarynyň hem hasylsyz ýagny, ýylyň güýz, gyş aýlarynda tebigatyň döretmek ukybyny ýitirýändigini aňladýar.

Şeýlelikde Günüň şekili siňen gülýakanyň jadyly möhür hökmünde edýän täsiri barada aýdylanda, gülýaka ony dakynýan gelin-gyzlary gözden-dilden goraýar, janyna saglyk berýär, durmuşyny bagtly, döwletli edýär diýip hasaplanypdyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň biziň günlerimizde hem uly höwes bilen dakynýan gülýakasy, diňe bir olaryň görk-görmegini, gözelligini artdyrýan zynat däl-de, hem gorag serişdesi, gymmatly sungat eseri, türkmen taryhynyň ajaýyp maddy ýadygärligi, türkmen zergärleriniň ussatlygynyň nusgasy şeýle-de gadymy ata-babalarymyzdan galan bahasyna ýetip bolmajak medeni-taryhy ýadygärlikdir.

Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň milli mirasyny gorap saklamakda, olary içgin öwrenmekde we geljekki nesillere ýetirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda ýaşlaryň arasynda senetçiligiň we hünärmentçiligiň dürli ugurlary boýunça bäsleşikler geçirlip olaryň zehin başarnyklary ýüze çykarylýar. Şeýle-de senetçiligiň we hünärmentçiligiň dürli ugurlary boýunça bilim almak üçin hem ýurdumyzda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyz üçin Mähriban Arkadagymyz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilip berilýär.