logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Economics /Geljek ýyl Ahal welaýatynyň býujeti 7,1 göterim ýokarlanar
  21.12.2023
537
Geljek ýyl Ahal welaýatynyň býujeti 7,1 göterim ýokarlanar

Ahal welaýatynyň býujeti üstümizdäki ýyl bilen deňeşdirilende 7,1 göterim ýokarlanar.  Bu barada Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ministriligi Döwlet býujiýetini tassyklady. Türkmenistanyň esasy maliýe resminamasynda durmuş maksatly ulgama gönükdiriljek serişdeler 77,3 göterim möçberde göz öňünde tutuldy.

 

 

Şolardan 36,6 göterimi bilim pudagyna, 13,5 göterimi saglygy goraýşa, 2,9 göterimi medeniýete, 37,8 göterimi döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyna, 9,2 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna harçlanar.

 

 

Şunuň bilen baglylykda geljek ýyl Aşgabat şäheriniň býujeti 2023-nji ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilip 10,8 göterim ýokary bolar. Balkan welaýatynyň býujeti 9,5 göterim, Daşoguz welaýatynyň býujeti 9,4 göterim, Lebap welaýatynyň býujeti 9,2 göterim, Mary welaýatynyň býujeti 8,1 göterim ýokary bolar.

 

 

Ýurduň ykdysadyýetiniň önümçilik maksatly desgalarynyň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberinden 67,8 göterimi, önümçilik däl maksatly desgalaryň gurluşygyna 32,2 göterimi harçlanar.

 

 

Umuman, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin býujeti 2023-nji ýyldakydan 12,8% ýokarlanar. Döwlet býujetinde esasy göýberilen serişde çykýan býujete ýatyryldy. Esasan hem oba-hojalygyny halkyň ýaşaýyş durmuşyny gowlandyrmak boýunça işer alynyp barylar. Şu ýylky umumy giren we çykan çykdaýjylaryň netijeleri öňki ýyl bilen deňeşdirilende, ýokary ýagny gowy netije berýär.

 

Merdan Nuryýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
5-nji ýyl tralyby.