logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Dowamly çaý içmek ömri uzadýar
  09.09.2022
1358
Dowamly çaý içmek ömri uzadýar

ABŞ-nyň Milli saglyk institutynyň hünärmenleriniň geçiren barlaglaryna görä, yzygiderli gara çaý içmek ölüm howpunyň azalmagyna getirýär. Geçirilen ylmy barlaglarda günde iki ýa-da ondan köp çaý içenleriň, çaý içmediklere garanyňda ölüm howpy 9-13 göterim pes bolup çykdy. Täze gözlegiň netijeleri «Annals of Internal Medicine» žurnalynda çap edildi.

 

 

Gözlegde, keselleriň döremeginde daşky gurşawy we genetiki faktorlary barlamak üçin döredilen «Biobank»-yň maglumatlaryndan peýdalanyldy. Maglumatlarda 40 ýaşdan 69 ýaş aralygyndaky 500 müň adamyň 85 göteriminiň yzygiderli çaý içýändikleri we olaryň 89 göteriminiň gara çaý ulanýandyklary aýdylýar. Netijede hünärmenler, gözlegden soň « - Dowamly çaý içmek ömri uzadýar» - diýen karara geldiler.