logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Deňiz söwda gatnaşygynda uly üstünlik gazanylýar
  21.02.2024
602
Deňiz söwda gatnaşygynda uly üstünlik gazanylýar

Häzirki wagtda daşary söwda ýük dolanşygynda deňiz ýollarynyň ähmiýeti örän uludyr. Biziň ýurdumyzyň açyk ummana çykalgasy ýok bolmagyna garamazdan, bu pudak öz ähmiýetini ýitirmeýär. Daşary ýurtlara eksport edilýän harytlar esasan Hazar deňziniň üsti arkaly amala aşyrylýar.

 

 

Deňiz söwda floty 2023-nji ýylyň dowamynda kenar ýük gamileriň üsti arkaly 2,24 million ýük daşaldy, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirlende bolsa 19,2 million ösüş gazanyldy. 

 

 

Şeýlelikde 2023-nji ýyl üçin ýyl maksatnamasyna laýyklykda ýerine ýetirilmeli işler 130 göterim ýerine ýetirildi, bu bolsa deňiz söwda gatnaşygynda uly ösüş gazanylandygyna şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, ýük dolanşygy 948 million tonna deň bolup 2022-nji ýyla garanyňda 17.8 göterim ýokarlandy. Şunlukda 2023-nji ýylda ýük dolanşygy boýunça meýilnama talaba laýyk ýerine ýetirildi.

 

 

Deňiz üstaşyr ýolagçy gatnawlarynda hem 59.3 million ösüş gazanalyp bu ugrundaky görkeziji 9.185 million ýolagçy kilometre deň boldy.

 

Berdi Berdiýew,
Türkmen oba hojalyk 
institutynyň mugallymy.