logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Saglyk /Daşoguzda täze saglyk merkezi gurlar
  06.04.2024
667
Daşoguzda täze saglyk merkezi gurlar

Hususy kärhana “Аjaýyp-gurluşyk” Daşoguzda täze saglyk merkeziniň gurluşygyny alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Täze lukmançylyk saglyk merkezi Daşoguz halkara howa menziline barýan awtoulag ýolunyň ugrunda täze ýaşaýyş jaý toplumynda  gurulýar. Iki gatly täze binanyň umumy meýdany ýarym gektara deň bolup, onuň düýbi tutuldy we birinji gat direglerini gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Habar berlişi ýaly, täze merkezde registratura, administratiw we lukmançylyk bölümleri, bejeriş otaglary, barlaghana, dermanhana we beýleki zerur jaýlar bolar. Täze Saglyk merkezi ilata giň bejeriş we anyklaýyş hyzmatlaryny hödürleýän häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy meýilleşdirilýär.

 

Bina Daşoguzyň iň köp ilatly ýerleriniň birine öwrüljek täze toplumyň ýaşaýjylaryna hyzmat etmek üçin niýetlenendir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem saglygy goraýyş pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin giňişleýin çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

 

Soňky ýyllarda Daşoguzda 450 orunlyk häzirki zaman köp ugurly hassahanany we 150 orunlyk onkologiýa klinikasyny öz içine alýan köp sanly täze bina işe girizildi.

 

Aýgül GANDYMOWA,
Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň
1-nji ýyl talyby.