Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ýaş tennisçileri Manamada geçirilen sebit ýaryşynda öňdebaryjy oruny eýelediler ✦ ✦ Bahar - ýaşlygyň we ýaşaýşyň pasly ✦ ✦ Moskwada ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýaşlar bilen zähmet bazarynda üstünlik gazanmak boýunça duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär ✦ ✦ Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Halkara hukugynyň ýylyna taýýarlyk boýunça ilkinji maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmen kinosynyň wekilleri Ankara şäherinde geçirilen halkara medeni dabarada sylaglandy ✦ ✦ Ženewada BMG-niň ÝYK-niň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisi öz işine başlady ✦ ✦ Indoneziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi resmi wezipesine girişdi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /“Cartier” brendiniň taryhy
  28.11.2023
626
“Cartier” brendiniň taryhy

Zenanlaryň arzuwlarynyň sanawynda bu brendiň adyna elbetde gabatlanaşsyňyz. Meşhur şazenanlarynyň, melikeleriň, XX asyryň hanymlarynyň ýüregini pugta eýelän “Cartier” brendi öz işini Pariž şäheriniň gyrasyndaky sadaja dükandan başlady. Häzirki wagtda global imperiýa öwrülip barýan bu brend uly şanly taryha eýedir. 170 ýyldan gowyrak wagtyň dowamynda “Cartier” zergärlik şaý-seplerini öndürýän pudakda öňdebaryjy hasaplanyp, özüniň ajaýyp dizaýny bilen  görenleri maýyl edip gelýär. Onuň meşhur zergärlik şaý-sepleri we ajaýyp sagatlary esaslandyrylan döwründen bäri öz müşderilerine ähmiýetini ýitirmeýän nepislik duýgysyny bagyş edýär.

 

 

“Cartier” brendine 1847-nji ýylda Lui-Fransua Kartýe tarapyndan badalga berilýär, ýöne heniz meşhurlyk üçin ep-esli wagt bardy. 29 ýaşly Kartýe Parižyň Montorgeýl köçesindäki zergär Adolf Pikarniniň zergärlik ussahanasyna şägirtlige barýar. Ussahananyň abraýly hem-de talapkär müşderileri ýaş zergäriň işlerine ýokary baha berýärler. Onuň her bir işinden ussatlykdan dörän sadalyk ruhyny duýmak bolýardy.

 

 

Lui-Fransua Kartýe ýeterlik tejribe toplap, şahsy zergärlik dükanyny açýar. 1904-nji ýylda Braziýaly uçarman Alberto Santos-Dýumon meşhur zergär bilen görüşeninde oňa uçuş wagtynda jübi sagadyna seretmegiň müşgilligi barada şikaýat edýär. Bu söhbet Lui-Fransua Kartýeni sagat senagatynda uly işleri başlamaga itergi berýär. Şeýlelik bilen ilkinji “Cartier Santos” atly kwadrat çarçuwaly, ýasy görnüşli erkekleriň el sagatlary peýda bolýar. Şol ýylyň özünde hem “Cartier” Ispaniýa karoly Alfonso XII we Beýik Britaniýanyň karoly Eduard  VII  resmi el sagatlaryny taýýarlap berýän meşhur ynsana öwrülýär. “Cartier” ilkinji bolup sagat öndürmek üçin dizaýn standartlaryny ornatmak bilen taryha öz adyny möhürledi.

 

 

Soňabaka Lui-Fransuanyň ogly Alfred Kartye kompaniýany dolandyrmaklygy öz eline alýar we kakasynyň başlan biznesini giňeltmegi maksat edinýär. Tiz wagtda Londonda we Nýu-Yorkda “Cartier” dükanlary peýda bolýar.

 

 

1914-nji ýylda bu brendiň tanymal nyşanyna öwrülen “Pantera” görnüşi ilkinji gezek ulanylýar, wagtyň geçmegi bilen ol “Cartier” -iň sinonimik nyşany bolup ebedileşýär. 1924-nji ýylda “Trinity de Cartier” toplumy satuwa çykarylýar we oňa “Cartier” zergärlik eserleri assortimentiniň möhüm kysmy görnüşinde seredilip başlanýar.  

 

 

“Cartier” bütin dünýäde tanymal görnükli ynsanlaryň ünsüni özüne çeken sagatlar, aksessuarlar we gymmatbaha zergärlik işlerini işläp çykarmakdan barha öňe ilerleýär. Onuň takmynan, mundan 100 ýyl öň işläp çykaran işleri häzire çenli söýülip dakylýar.  

 

 

“Cartier” meşhurlaryň hemaýatkärligi arkaly şöhrat gazanan bolsa-da, müşderileriniň arasynda özboluşly, gaýtalanmajak zergärlik işleri bilen meşhur. Brendiň ady fransuz dilinden terjime edilende “dünýä” diýmekligi aňladýar. “Cartier” baý taryha we tejribä esaslanan uslyba eýe, ýokary hilli, birinji derejeli önümleri öndürýär. “Cartier” atyrlary adaty önümleriň dünýäni nähili lerzana getirýändigine adaty mysaldyr.

 

 

Maýsa GAPUROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň
MH toparynyň 4-nji ýyl talyby.