logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Health /Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi
  09.04.2024
747
Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy has-da täze derejelere çykdy. Halkymyzyň saglygyny goramak, dürli keselleriň öňüni almak hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetde wagyz etmekde giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda kabul edilen “Saglyk” döwlet maksatnamasy bu ulgamy ösdürmekde işjeň hereket edýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­na, bi­li­mi, spor­ty ös­dür­mä­ge, bu mö­hüm ul­gam­la­ry dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga uly üns be­rilýär. Türk­me­nis­tan­da bi­lim ul­ga­my­nyň hi­li­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, tür­gen­le­riň hü­när de­re­je­si­ni kä­mil­leşdir­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ul­ga­myň maddy-enjamlaýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga köp muk­dar­da ma­ýa go­ýum­lar gö­nük­di­ril­ýär, onuň dü­zü­mine yl­myň öň­de­ba­ry­jy ga­za­nan­la­ry, şol san­da san­ly tehno­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar.

 

Häzirki wagtda hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu çärelere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri – talyp ýaşlar işeňňir gatnaşdylar. Baýramçylyk çäreleriniň dowamynda sportyň dürli görnüşleri, şol sanda milli sport oýunlary boýunça ýaryşlar, şeýle hem konferensiýalar we ylmy-maslahatlar geçirildi. 

 

Türkmenistanda bedenterbiýe we sport hereketini giňden düşündirmek we ýaýratmak ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň bagtyýar, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işlerinde elmydama rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

 

Sanjar PERMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.