logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Economics /Brýusselde daşky gurşaw we energetika meseleleri boýunça maslahat geçirildi
  21.12.2023
637
Brýusselde daşky gurşaw we energetika meseleleri boýunça maslahat geçirildi

Energetika we daşky gurşaw meseleleri boýunça 19-njy dekabrynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi Brýusselde geçirildi.

 

 

Bu maslahatda Maliýe we ykdysadyýet ministri we bilelikdäki komitetiň ýolbaşçysy S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetine Bilim ministriniň orunbasary, "Türkmengaz" döwlet konserniniň we "Türkmenhowaýollary" agentliginiň wekilleri, şeýle hem beýleki degişli ministrlikleriň wekilleri gatnaşdylar.Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Ýewropanyň Daşarky Hereket Gullugynyň Dolandyryjysynyň Orunbasary, halkara hyzmatdaşlygy, söwda, energetika, hereket we ulag, howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw, şeýle hem gözleg we innowasiýa bilen meşgullanýan Ýewropa Komissiýasynyň dürli müdirlikleriniň agzalary wekilçilik etdi.

 

 

Maslahatda Energetika we daşky gurşaw meseleleri, gaz eksport strategiýalary, metanyň zyňyndylaryny azaltmak başlangyçlary we wodorod ýaly täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

 

Duşuşykda Türkmenistanyň makroykdysady ýagdaýy we onuň dünýä ykdysadyýetiniň integrasiýasyna ymtylmalary, esasanda ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna  agza bolmak islegleriniň çäklerinde ýokardaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

 

Taraplar ulag, bilim, ýaşlar syýasaty, gözleg we innowasiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar. Şeýle-de, Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet boýunça baş müdirliginiň wekilleri,  Bilim we medeniýet boýunça Ýewropanyň ýerine ýetiriji gullugynyň, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça baş müdirligi bilen geçirilen duşuşyklarda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Atahan Ýazlyýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.