logo

Latest news:
✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦ ✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦
Home / Politics /Bitaraplyk - parahatçylygyň nyşany
  01.12.2023
1500
Bitaraplyk - parahatçylygyň nyşany

    Bitaraplyk diýen düşünje we onuň ähmiýeti barada aýdylanda, ilki bilen bitaraplygyň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň we saklamagyň görnüşleriniň biri bolup durýandygyny belläp geçmek zerurdyr. “Bitaraplyk” düşünjesi «neuter» diýen latyn «ne ol, ne beýleki» diýmegi aňladýan sözünden gelip çykýar. Halkara gatnaşyklaryna degişlilikde ulanylanda urşa gatnaşmazlyk, parahatçylyk döwri bolsa harby bileleşiklere gatnaşmakdan ýüz döndermek bolup durýar.

 

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy bilen ykrar edildi we goldanyldy. Şeýle hem 1995-nji ýylyň 27-nji dekabryndaky “Türkmenistanyň  Konstitusiýasyna  üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny we “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny bilen yglan edildi. Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” Resolýusiýasynda: “1. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar; 2. Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga hem-de ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bütewiligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar” diýip ykrar etdi.

 

Türkmenistanyň bitaraplygynyň aýratynlygy Türkmenistanyň dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen birinji bitarap döwlet bolup durýanlygyndan ybarat. Türkmenistan döwletimiz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik bitaraplygy iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwlet bolup durýar. Türkmenistanyň diplomatiýasy hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanmak bilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deň hukuklylyk we birek-biregi hormatlamak, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň ulgamynyň gatnaşyjylarynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýär. 

 

Şeýle hem Türkmenistan döwleti Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary, dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hem işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

 

 

Jemal SULTANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.