Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bedew — türkmen halkynyň ganaty, döwrüň şygarynyň nyşany ✦ ✦ «Arkadag» futbol kluby Türkmenistanyň Kubogyny gazandy ✦ ✦ Agrobiotehnologiýa ugrunda halkara okuw sapary geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen Özbegistanyň farm-tehnologiýalar ulgamynda strategik hyzmatdaşlygy ✦ ✦ Bilim ulgamynda sanly we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan festiwal geçirildi. ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy özgertmeler amala aşyryldy ✦ ✦ Energetika we ulag boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi hoşallyk döredýär ✦ ✦ Türkmen talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Bitaraplyk - bagtyýarlygyň binýady
  28.11.2023
1000
Bitaraplyk - bagtyýarlygyň binýady

Häzirki wagtda ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmeginiň şanly 28 ýyllygynyň bosagasynda dur. Bu taryhy sene halkymyz üçin diňe bir şanly sene bolman, eýsem hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň sebitde, tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyny dünýä jemgyýetçiligine aýdyň görkezmäge mümkinçilik  berýär. Ylalaşdyryjy merkez hökmünde 28 ýylda bitiren hyzmatlary ýurdumyzyň  halkara abraýyny has-da  belende göterýär.

 

 

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda gurama agza bolan dünýäniň 185 döwleti tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmegi türkmen halkynda uly buýsanç döretdi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hiç bir harby bileleşiklere goşulmaýan, dawa-jenjellere gatnaşmaýan, çylşyrymly meseleleri diplomatiki ýol bilen çözmekde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilýän syýasy duşuşyklar, halkara forumlar, festiwallar we dürli sergiler Türkmenistanyň at-abraýyny has-da artdyrýar.

 

 

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy, Bitarap döwleti ykrar edilenden soň, döwlet tarapyndan milli medeni gymmatlyklary täzeden öwrenmek we dikeltmek işleri ileri sürüldi. Türkmen kompozitorlary tarapyndan Watanymyza bolan çuňňur söýgüni wasp etmäge gönükdirilen operalaryň, oratoriýalaryň, kantatalaryň, odalaryň, horlaryň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki wagtda baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýuna ussat kompozitorlarymyz we ýaş zehinli kompozitorlarymyz tarapyndan täze eserler döredilip, şanly senä ýokary taýýarlykly barylýar.

 

 

Owadan ALIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
3-nji ýyl talyby.