logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Politics /Bitaraplyk – bagtyň güwäsi
  11.12.2023
1063
Bitaraplyk – bagtyň güwäsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky her bir gününi dünýäniň hakydasynda baky yz goýýan taryhy wakalaryň şaýady bolup ýaşaýar. Möhüm senelerdir, şanly wakalar dünýä jemgyýetçiliginiň nazaryny diýarymyza gönükdirip, olaryň ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryny barha artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly, täzeçil syýasatlary netijesinde eziz Watanymyz gysga döwrüň içinde batly depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawyndan mäkäm orun aldy. 

 

 

Dogurdan hem, Türkmenistan Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolany bäri uzak wagt geçmese-de, ýurdumyz asyrlara barabar ösüşli menzilleri külterläp gelýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýan Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde 185 döwletiň goldamagynda, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Bu seneler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi.

 

 

Her ýylyň 12-nji dekabrynda agzybir ilimiz Howandar Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip Halkara Bitaraplyk baýramyny uludan belleýär. Munuň özi hem bagtlylygyň aýdyň güwäsidir!

 

 

Orazbibi ALTYGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.