logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Poetry /Bir aýdymyň taryhy
  07.03.2023
3299
Bir aýdymyň taryhy

Arada iş wagtym tamamlanyp, öýe gaýtmak üçin uly ýola çykdym. Ulag geldi. Men ulaga münüp, gapdaldaky oturgyçda aýaly, çagasy bilen oturan adamyň ýanynda ýerleşdim. Sürüji saglyk-amanlyk soraşandan soň, ulagynyň radiosynyň nurbadyny towlady. Ine, şol pursat hem Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowanyň ýerine ýetirmeginde aýdym ýaňlanyp ugrady.

Maňlaýyňda bar gasyn,
Sen garrama, eje jan.
Dünýe dursun, duraý sen,
Sen garrama, eje jan.

Besdir daglaň garrany,
Besdir baglaň garrany,
Garrasak biz garraly,
Sen garrama, eje jan...


Bu aýdym uludan-kiçä ählimiziň söýüp diňleýän, eşidenimizde hiňlenenimizi duýman galýan «Sen garrama, eje jan» aýdymydy.

Bu aýdym gidip durka gapdalda oturan elli ýaşlaryndaky zenanyň gözlerine ýaş doldy. Asyl görüp otursak, bu aýdym şol zenanyň ejesine bagyşlap döredilen aýdym eken. Ol zenan Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi, şahyr Myrat Ömrüň aýal dogany Maral gelneje bolup çykdy.

Men pursatdan peýdalanyp, Maral gelnejeden bu aýdymyň döreýşi barada gürrüň bermegini haýyş etdim. Şonda ol:

— Biz on iki dogandyk, Myrat doganlarymyzyň ikinjisidi. Biziň ejemize Amangözel eje diýerdiler. Il sylagly ejemiz Amangözel Lebiýewa 60 ýaş toýuny toýlady. Bu goşgy şahyr doganymyz Myradyň ejeme bagyşlan toý sowgady boldy.

Soňra 1993-nji ýylda goşga kompozitor Baýramgeldi Gutlyýewiň saz ýazmagy we ilkinji bolup ýerine ýetirmeginde aýdyma öwrülip, häli-häzire çenli milli telewideniýede we radioda ýaňlanyp gelýär.

Maral gelnejäniň gürrüňini diňläp, men barmaly ýerime gelenimi-de duýman galypdyryn. Hawa, Myrat Ömür zehini alaw ýaly diýilýän şahyrlaryň biridi. Onuň «Söýgi syry», «Käbäm ejem», «Küýseýän», «Obamyza gelen wagtyň» ýaly goşgulary esasynda döredilen aýdymlar halk köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Şahyryň iň soňky döreden «Medet ber» atly goşgusyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Öwezowa ýerine ýetirýär.

Ýeri gelende Myrat Ömrüň 1999-njy ýylda çap edilen goşgular ýygyndysyna hem «Sen garrama, eje jan» diýip at goýandygyny belläp geçsek ýerlikli bolar.

 

Hemra DURDYÝEW,
Ak bugdaý etraby (26.06.2022ý).