Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň şahadatnamalary gowşuryldy ✦ ✦ TIF 2025 maýa goýum forumy geçiriler ✦ ✦ Watan harmanyna 1 million 400 müň tonna bugdaý hasyly tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti BMG-niň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy ✦ ✦ Magtymguly – dünýäniň akyldary ✦ ✦ Türkmen mekdep okuwçylary matematika olimpiadasynda 6 medal gazandylar ✦ ✦ Ak şäherim Aşgabat – Ginnesiň rekordlar kitabynda ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti YHG-niň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alymlary täze tehnologiýalary işläp düzýärler ✦ ✦ Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Beýik ynama ygrarly ýaşlar
  07.12.2023
364
Beýik ynama ygrarly ýaşlar

Uly üstünliklere beslenen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylymyzyň  tamamlanyp gelýändigi bizi ýakymly ýatlamalaryň goýnuna biygtyýar alyp gidýär. Öz ady bilen özboluşly sazlaşygy emele getiren bu şanly ýylymyzda ýaşlar meselesine Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde aýratyn alada bilen garalýandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Diýarymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler gönüden-göni il-halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Diýarymyzda gazanylýan ähli üstünliklerde  ýaşlarymyzyň saldamly goşantlarynyň bardygy has-da buýsançlydyr. Hormatly Prtezidentimiziň ýaşlar üçin döredýän bimöçber tagallalary, uly mümkinçilikleri ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde kämil sowatly bolmaklary, olaryň öz saýlap alan hünärleriniň hakyky ussatlary bolup ýetişmeklerine  uly ýardam edýär.

 

 

Ýurdumyzda Watanymyza wepaly nesilleri terbiýelemek, olaryň bilim sowatlylygyny artdyrmak hem-de zehinli ýaşlaryň aň-düşünjesini Garaşsyz diýarymyzy ösdürmäge gönükdirmek ugrunda netijeli çäreler alnyp barylýar. Düzüminde 900 müňden gowrak başarjaň ýaşlary jemleýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy şeýle işleri talabalaýyk ýerine ýetirmekde ýokary işjeňlik görkezýär. Ýaşlar guramasy döredilen döwründen bäri döwlet ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde, ukyply ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işlere işjeň çekilmeginde aýratyn orny eýeleýär.  Ýaşlary ylym dünýäsine atarmakda, ýaş alymlary ýüze çykarmakda ýylyň ýylyna dürli mazmunly bäsleşikler döwlet derejesinde yglan edilýär. Türkmen ýaşlary hem öz gezeginde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni özleriniň döredijilikli işleri, zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Häzirki döwürde Türkmenistan döwletimiziň ösüşinde we geljeginde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty möhüm we wajyp orna eýedir. Ýaş raýatlaryň döwleti we jemgyýeti dolandyrmakdaky we ösdürmekdäki ornunyň güýçlendirilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda şeýle hem “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşi) döwletimiziň ýaş raýatlarynyň döwrebap bilim-terbiýe almagy, sazlaşykly ösmegi we giň dünýä garaýyşly hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin zerur mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr.

 

 

Ýaşlara eşretli zamany peşgeş beren, ýaşlar hakda bimöçber aladalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

Gurbanberdi ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.