logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Interesting /Aýdyň maksatlara sary ädim
  30.10.2023
1138
Aýdyň maksatlara sary ädim

Üstünlik gazanmak üçin maksat goýmagyň ähmiýeti barada ählimiz eşiden bolsak gerek. Hakykatdanam, maksatlaryny kesgitli görnüşde ýazýan adamlar oňa has çalt ýetmegi başarýarlar. Emma mesele, dogry maksady goýup başarmak bolsa gerek. Adamlaryň arasynda durmuşdan näme isleýändiklerine düşünmekde  kynçylyk çekýänleri-de bar. Şonuň üçinem, öňde goýlan maksadyň nähili netijelere alyp barjakdygyny kesgitlemek şowly ädimleriň biridir.

 

 

Köp adamlar "maksat" has uly we hyjuwly bir zat bolmaly diýip hasaplaýarlar. Käbirleri bolsa maksatlaryň ummasyz baýlyk, köpçülik tarapyndan ykrar edilmek ýa-da durmuş abadançylygyna baglydygyna berk ynanýarlar. Ýöne onuň beýle däldigine güwä geçýän ençeme durmuş hakykatlary bar.  Maksat goýanyňyzda göwnüňize ýaraýan zatlardan başlamak üstünlige alyp barjak gysga ýollaryň biri bolup biler.

 

 

Bulardan başga-da “tersine gitmek” täri hem netijeli ugurdyr. Ýagny, anyk maksatlary kesgitläp bilmeseňiz, onda islemeýän zadyňyz hakda pikirleniň. Mysal üçin: Artykmaç agramly (semiz) bolasym gelenok; Manysyz ýaşasym gelenok; Meni gurşaýan jemgyýet bilen dawaly ýagdaýlara giresim gelenok; Halamaýan işimde işlemek islämok.

 

 

Hyýala gelýän zatlaryň ählisini ýazmak, maksatlaryňyzy tapmakda size kömek eder. Soňra olary şeýle görnüşde beýan edip bilersiňiz: Sagdyn agram saklamak isleýärin; Mazmunly durmuşda ýaşamak isleýärin; Ähli ynsanlar bilen agzybir ýaşaym gelýär; Halaýan işimde işlemek isleýärin.

 

 

Üstünlik – bu her gün gaýtalanýan ownuk işleriň jemi bolup durýar. Aýdyň maksatlar bolsa üstünlige alyp barýan ýoldur. Maksataryň myrat tapmagy her bir ynsany arzuwy. Ynsan arzuwlarynyň asyl bolýan eziz diýarymyzda her birimiziň üstünlik ýaranymyz bolsun!

 

 

Muhammetberdi MUHAMMETBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 
Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti hünäriniň 
dil taýýarlyk toparynyň talyby.